Guwanç Abylow ― Nebitçiniň futbolçysy

Guwanç Abylow ― Nebitçiniň futbolçysy

Ýarym goragçy Guwanç Abylow futbol ýoluny Balkanabat şäheriniň Nebitçi futbol toparynda dowam etdirer. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy onuň täze topary bilen bir ýyllyk şertnama gol çekişendigini habar berdi.

Guwanç Ylýasowiç Abylow 1988-nji ýylyň 30-njy martynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäherinde dünýä indi.

33 ýaşly futbolçy ozal Nisa, Aşgabat, HTTU, Ahal, Altyn asyr, Hazyna, Energetik ýaly toparlaryň düzüminde çykyş etdi. Onuň täze toparynda hüjüme ýakyn oýnamagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde Ahalyň üstünlikleri üçin göreşen ýarym goragçy 28 duşuşykda 1623 minut meýdanda boldy. Ol bu duşuşyklarda 3 gezek tapawutlandy.

Guwanç Abylow Türkmenistanyň futbol ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2008-nji ýylyň 22-nji iýunynda geçirdi. Şol gün milli ýygyndymyz Dünýä çempionaty ― 2010-uň saýlama duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndysyndan 0:2 hasabynda asgyn geldi. Ol milli ýygyndydaky ilkinji pökgüsini 2012-nji ýylda Laosyň ýygyndysynyň derwezesinden geçirdi. Henize çenli milli ýygyndymyzda resmi duşuşyklaryň 29-syny geçiren ýarym goragçy şolarda 4 gezek tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Öňdebaryjylaryň üstünligi
“Ahal” AFK Kubogynda “Neftçi” bilen duşuşar
Altymyrat Annadurdyýewiň 100-nji goly
TÝL ― 2020: 21-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar
21-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi