Gymmada giden Barbi gurjagy

Dünýäniň iň gymmat Barbie gurjagy “Christie’s” auksion öýünde 302,5 müň dollara satyldy.Gurjakdan alnan girdejiniň süýt mäzleriniň rak keseli gaznasyna berlendigi tassyklanylýar.Bu barada “NY Post” neşiri habar berýär.

Oňa şeýle ýokary baha kesilmegi, gurjaga gülgüne göwherden ýasalan, bir karat ölçegli monjuk dakynandygy bilen düşündirilýär.Barbi üçin özboluşly bezeg şaý-sepleri awstraliýaly zergär Stefano Kanturi tarapyndan döredildi.

Neşirde Greta Gerwigiň täze “Barbie” filminiň töweregindäki şowhun sebäpli tutuş Amerikany gaplap alan “barbimania” netijesinde, gurjagyň nyrhlarynyň has-da ýokarlanandygyny bellenilýär. Şeýlelikde, 1959-njy ýylda çykan we şol wagt bary-ýogy 3 dollara bahasy bolan ilkinji Barbie gurjagy indi “eBay” platformasynda 25 müň dollara satylýar.

Ilkinji Barbie gurjagyny 1945-nji ýylda amerikaly işewür zenan Rut Hendler ýasapdy. Rut adamsy bilen “Mattel” oýunjak kompaniýasyny esaslandyrdy we gurjaga gyzy Barbaranyň adyny dakypdy.

Ýene degişli makalalar

Gymmada giden “Mersedes”
Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Gollandiýanyň Premýer-ministri Gazagystanda Saparda Bolýar
Talyplar Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerine Garşylyk Görkezýär
ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady
Türkiýe, Mark Rutteniň NATO-nyň Baş Sekretarlygyna Goldaw Berýär