Gyrgyz Respublikasy bilen Belarus söwda mukdaryny 500 million dollara ýetirmegi maksat edinýär

Gyrgyz Respublikasy bilen Belarus söwda mukdaryny 500 million dollara ýetirmegi maksat edinýär

Belarusyň Daşary işler ministri Maksim Riženkow, Gyrgyzstan bilen söwda mukdaryny 500 million dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

Resmi sapar bilen Gyrgyz Rerspublikasyna baran Maksim Riženkow kärdeşi Jeenbek Kulubaýew bilen duşuşdy.

Belarusyň Premýer-ministri Aleksandr Turçiniň ýaňy ýakynda Gyrgyzstana guran saparynynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 500 million dollara çykarylmagynyň maksat edinilendigini aýdan Riženkow, şol maksada ýetilmegi üçin işe girişendiklerini belledi.

Riženkow iki ýurduň hökümet başlygynyň gatnaşmagynda iýun aýynda Bişkekde geçirlen işewürler maslahatynyň çäginde jemi gymmaty 5 million dollara barabar bolan 20 şertnamanyň baglaşylandygyny ýatlatdy.

Riženkow Belarusyň Gyrgyzstanda geçiriljek VI Bütindünýä Çarwa oýunlaryna işjeň gatnaşjakdygyny belledi.

Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Kulubaýew hem iki ýurduň arasynda soňky iki ýylda dürli ugurlary öz içine alýan jemi 27 şertnama gol çekişilendigini we özara söwda mukdarynyň soňky üç ýylda 206 million dollara çenli baryp ýetendigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň arasyndaky arkalaşyk etaby
Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary milli sirk sungatynyň parlak ýyldyzy
Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary milli sirk sungatynyň parlak ýyldyzy
Çarwadar söwda merkezinde ýerleşýän Rysgal Mebel dükany mebel nyrhlaryny 25% çenli arzanlatdy
IV Bütindünýä Çarwa oýunlary Iznikde geçiriler
Türkmen türgenleri Türkiýede geçiriljek iki sany iri ýaryşa gatnaşar