Gyrgyz türgenleri Awazada okuw-türgenleşigini geçmäge çagyryldy

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Aýbek Abdymomunow bilen Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Saparowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gyrgyz metbugatynyň habaryna görä, duşuşygyň barşynda taraplar 2021-nji ýyldan bäri hereket edýän pudagara şertnamanyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygyna kanagatlanma bildirdiler.

Gyrgyzystanyň ministriniň orunbasary iki ýurduň sport edaralarynyň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, şeýle hem sportuň kesgitlenen ugurlary boýunça bilelikdäki okuw-türgenleşiklerini geçirmäge taýýardyklaryny belledi.

Türkmen tarapy Hazar deňziniň şypaly kenarynda okuw-türgenleşiklerini yzygiderli geçirmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, gyş döwründe howanyň ýumşaklygy sebäpli gyrgyz türgenleri Awazada okuw-türgenleşigine çagyrdy.

Gyrgyz tarapy hem öz gezeginde türkmen türgenlerini Yssyk-Kul sebitindäki sport desgalarynda okuw-türgenleşik geçmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Saparow gyrgyz türgenlerini 2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabrynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär
Yssy howada lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýan raýatlar köpelýär
Yzygiderli elektrik kesilmeleriniň arasynda, häkimiýetler tygşytlylyk talaplaryny güýçlendirýär
Tigirli ýörişlere mejbury çekilen käbir býujet işgärleriniň burny ganady, käbirleri huşuny ýitirdi
Sinalco Jump we Sinalco Fresco: serginle we tomsuň şatlygyndan lezzet al
Hindistanda Aşa Yssy Howa Sebäpli 16 Adam Ýogaldy
Pakistanda howanyň derejesi 54 gradusa golaýlady