Adatdan daşary ýagdaýlar ministriniň orunbasary Azamat Mambetow, ministrligiň şu ýylyň ilkinji ýarymynda amala aşyran işleri barada geçirilen metbugat ýygnagynda ýurtda bolan sil apatlarynyň täsirleri barada maglumat berdi.
Şu ýylyň ilkinji ýarymynda Gyrgyzystanda 80 aýry sil apatynyň başdan geçirilendigini aýdan Azamat Mambetow: "Sil apatlary sebäpli 6 aýda 22 adam ýogaldy, 4 müň 551 öýe zeper ýetdi, 76 öý ýumruldy. Mundan başgada 68 döwlet binasyna, 404 km ýola, 568 gektar ekin meýdanyna, 69 köprä, 87 ulaga zeper ýetdi" diýip mälim etdi.
Azamat Mambetow şu ýylyň başyndan bäri ministrligiň 56 aýry duýduryş berendigini belläp, tebigy apatlardan gözbaş alýan maddy zyýanyň 13 million dollar bolandygyny aýan etdi.
