Gyşyň öň ýany gaz üçin töleg talap edilýär, töläp bilmedikleriň gazy kesilýär

Gyşyň öň ýany gaz üçin töleg talap edilýär, töläp bilmedikleriň gazy kesilýär

Şu günler gaz üpjünçilik edaralary ilatyň gaz üçin hasaplaşmagy boýunça çärelerini güýçlendirýär, şol sanda gaz üçin töleglerini geçirmedik öýleriň gazyny kesýär. Gyşyň öňüsyrasynda gazsyz galýanlar maddy mümkinçiligi örän gowşak maşgalalar bolup, olaryň gün-güzerany has hem agyrlaşýar.

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda hojalyklaryň gaz turbalarynyň kesilýändigini ýerli çeşmeler 11-nji noýabrda habar berdi. Olaryň sözlerine görä, gaz edarasynyň işgärleri hojalyklara aýlanyp gazyň tölegini geçirmegi talap edýärler, töläp bilmeýän hojalyklaryň gazy kesilýär.

"Adamlar näme üçin gyş pasly gelende gazymyz kesilýär, tomus pasly nähili bolsa-da ulanan gazymyzyň ujundan pul geçirip bilerdik ýa-da asla odun ýakyp nahar, çaýymyzy gaýnadyp bilerdik. Häzir howa gijelerine sowuk bolýar. Biz edil gara gaz peçimizi ulanaýjak wagtymyz gaz tölegi diýip, aýlanyp başladylar we pul töläp bilmeýän hojalyklaryň gazyny kesdiler" diýip, tejenli ýaşaýjy zeýrenýär.

Ýaşaýjylaryň sözlerine gaz turbalaryny kesdirmejek bolup, garşylyk görkezýänler hem bolýar. Bu ýagdaýda polisiýa goşulýar.

"Käbir hojalyklar gazyny kesdirmejek bolup gazçylar bilen ýakalaşyp, bir-birlerine güýç görkezýärler. Gazçylar ýerli polisiýa işgärlerini getirip, hojalygyň gazyny kesip gidýärler. Adamlar ýagdaýyny düşündirjek bolsalar, ne polisiýa, ne-de gaz edarasynyň işgärleri diňleýär" diýip, ýene bir ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen gaz edaralarynyň işgärleri öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirýändigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, her bir işgärden gündelik plany berjaý etmek talap edilýär.

"Biz kesmeli. Kesmesek bolmaýar. Biz günde edara gazyň tölegi diýip, 2 müň manat geçirmeli, bolmasa iş görkezip bilmeýär diýip, bizi işden çykarýarlar" diýip, gazçy aýtdy.

Tejenli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, gaz tölegini geçirip bilmedik maşgalalaryň maddy ýagdaýy juda agyr. Olaryň töleg etmäge düýpden mümkinçiligi ýok. Şeýle hojalyklaryň arasynda maýyplar, pensionerler, kiçi çagaly maşgalalar, işsiz-eklençsiz raýatlar, türmelerde oturan adamlaryň maşgalalary bar diýip, habarçymyz belleýär.

Türkmenistanda raýatlar üçin sarp edilen gazyň tölemeli nyrhy 1000 kubmetr üçin 20 manat. Merkezi Bankyň kursy boýunça bu 5,7 amerikan dollaryna barabar. Gyşda has köp gaz ulanylýar. Has-da, oba ýerlerinde öýleri ýylatmak üçin gaz peçleri ulanylýar.

Ilatyň käbir gatlaklary üçin jemagat hyzmatlary üçin käbir ýeňillikler göz öňünde tutulýar, şol sanda sowet düwründe Owganystanda harby gulluk eden we güýç edaralarynda işleýän raýatlar ýeňilliklerden peýdalanýar diýip, habarçymyz belleýär.

Sosial taýdan ýagdaýy gowşak raýatlar üçin döwlet tarapyndan goldawyň berilmeýändigi raýatlary çykgynsyz ýagdaýa salýar diýip, türkmenistanlylar belleýär.

"Halk iýmäne çörek tapanok. Işsiz halk üçin tölegi azyrak etmeli. Işsiz, aýlyksyz adam üçin sarp edilen gazyň 100%-ni ýeňilliksiz tölemek mümkin däl" diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda gaz ölçeýjiler 2019-njy ýyldan başlap ulanylyp başlandy. Bu hökümetiň ilat üçin gazyň, suwuň we elektrik energiýasynyň "mugtçulygynyň" ýatyrylýandygyny yglan etmeginden soň başlandy. Ondan öň gaz, elektrik energiýa we suw üçin tölegler has pesdi.

2014-nji ýylyň ýanwarynda her bir raýat üçin belli bir mukdardan köp ulanylan gaz üçin töleg artdyrylyp, her 1000 kubmetri üçin 20 manada ýetirildi. 1993-nji ýyldan bäri ýurduň her bir raýaty aýda 50 kubmetr gazy, 35 kilowatt elektrik energiýasy we günde 250 litr suwy mugt ulanyp bilýärdi. 2019-njy ýylda bu ýeňillikler doly ýatyrylyp, ilat üçin doly tölegli edildi.

Hökümet ýeňillikleriň ýatyrylmagyny ilatyň durmuş derejesiniň "ösmegi" bilen düşündirdi, emma muny resmi sanlar bilen tassyklamady. Ýurtda sosial ýagdaýy we ilatyň ýaşaýyş derejesini görkezýän resmi statistika çap edilmän gelýär.

Her ýyl gyş paslynyň golaýlaýan wagty ýurtda jemagat hyzmatlary üçin bergidarlary anyklamak boýunça işler batlanýar. Şu ýylyň sentýabrynda gaz, tok, suw töleglerini gijikdiren ýaşaýjylaryň işiniň suda geçirilýän halatlary köpeldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaşaýjylar emläk edinmek hukuklarynyň 'ýowuz çäklendirilmeginden' nägile bolýar
Röwşen aýakgaplary: tutuş maşgala üçin amatly bahadan gyş aýakgaplary
Öýlere baýdak asmaklyk talap edilýär, iri sosial hasaplar 'baýdak wideolary bilen çaýkalýar'
Aşgabadyň esasy awtobus duralgasynyň şäheriň merkezinden çetine göçürilmegi köp ýaşaýjyda nägilelik döredýär
Ýaremezançy çagalar öýlere we hususy dükanlara aýlanýar, käbir satyjylar möhleti geçen önümleri berýär
'Görülmedik' çekirtgeler ekini ýok edýär, häkimiýetlerden 'kömek ýok' - Daýhanlar