Gyzykly hepdelik

Gyzykly hepdelik

Professional aýdym-sazyň ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hereket edýän ähli kafedralarda her ýyl hepdelik geçirmek indi däbe öwrüldi. Hepdelikde dürli mazmunly çäreler, ýagny açyk sapaklar, ýubileý dabaralary, konsertler, döredijilik duşuşyklary, sergiler, bäsleşikler, leksiýa-konsertler, tegelek stollar, ylmy-amaly maslahatlar öz beýanyny tapýar.

Sazyň taryhy kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde geçirilen Dünýä teatr sungatynyň döreýşi we onuň görnüşleri atly açyk sapagy, şeýle-de Dünýä saz folklory ýaşlaryň ylmy gözleglerinde atly sazşynas talyplaryň II ylmy-amaly maslahaty has-da giň mazmunly boldy.

Açyk sapakda şol kafedranyň uly mugallymy M.Gurbanowyň dürli halklaryň teatr sungatynyň döreýiş taryhy hakyndaky gyzykly maglumatlary talyp ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi.M.Gurbanow teatryň görnüşleri, bu sungaty esaslandyryjylar, ilkinji dramaturglar, teatr sungatynda sazyň ähmiýeti hakynda mazmunly çykyşyny prezentasiýa arkaly suratlaryň, teatr sahnasynda goýulan dürli žanrlardaky eserlerden parçalary görkezmek bilen dowam etdi.

Talyp ýaşlar türkmen şeýle-de dünýä halklarynyň teatr sungaty barada giňişleýin baý maglumatlar bilen tanyşdylar.

Dünýä saz folklory ýaşlaryň ylmy gözleglerinde atly sazşynas talyplaryň II ylmy-amaly maslahaty bolsa ýaşlaryň uly höwes bilen ylma çemeleşýändikleriniň şaýady boldy.Talyp ýaşlar türkmen we dünýä halklarynyň folklor taryhy we žanrlary bilen diňleýjileri tanyşdyrdylar.

Olar öz çykyşlarynda baý türkmen aýdym-saz folklory dogrusynda, şeýle-de ermenleriň, hindileriň, türki halklaryň, rus, eýran, gruzin, hytaý, şotlandiýa ýaly döwletleriň folklor žanrlary hakynda çykyş etdiler.Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda talyplar temasyna degişli taýýarlan wideoroliklerini hem görkezdiler.

Sazşynas talyplaryň ýaşlykdan ylmy temalar bilen çykyş etmekleri mugallymlaryň çekýän zähmetiniň netijesidir.

Bu ýokary okuw mekdebinde geçirilýän her bir çärä talyp ýaşlar bilen bir hatarda halypa mugallymlar hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ýaş mugallymlara, talyplara degerli maslahatlaryny, goldawlaryny bermek bilen sungatyň inçe syrlaryna aralaşmaga ýardamlaryny gaýgyrmaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä teatry saz sungatynda atly filarmoniki lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy
Eýranyň daşary işler ministri sapar bilen Aşgabada geldi
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrandan kiçi hasap bilen ýeňildi
Ispaniýanyň işewür wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmenistana geldi
Panama Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär