Habib GFC promouşenini 1 million dollara satyn aldy

Habib GFC promouşenini 1 million dollara satyn aldy

Ýeňil agramda UFC-niň dünýä çempiony Habib Nurmagomedow Gorilla Fighting Championship (GFC) MMA ligasyna bolan hukugy satyn aldy. Bu barada bookmakers-rank.ru habar berýär.

Öň, Russiýanyň GFC promouşeniniň egindeş eýesi bolan Habib bu gurama hukugy 1 million dollara satyn aldy. Öň, Gorilla Fighting Championship ligasynyň hormatly prezidenti wezipesini Habibiň kakasy Abdulmanap Nurmagomedow eýeleýärdi. Ähtimal, bu liga Habib Nurmagomedowyň “MMA Global” atly beýik taslamasynyň bir bölegi bolup biler.

Nurmagomedowyň ligany öz hormatyna Eagle Fighting Championship (Eagle iňlis dilinden terjime edilende “Bürgüt”, bu Habibiň lakamy) diýip atlandyrmak isleýändigi habar berilýär.Söweşler Russiýada, GDA, arap ýurtlarynda, şeýle-de, ähtimal, ABŞ-da geçiriler.

Ylalaşyk 2-nji dekabrda resmi taýdan yglan ediler.GFC howandarlygynda geçirilen soňky turnir Moskwada Abdulmanap Nurmagomedowyň hatyrasyna geçirilen ýaryş boldy.Ozal, Habib Nurmagomedow MMA Global täze promouşeniniň döredilendigini habar berdi we hatda täze MMA-brendi üçin pul ýygnamagy haýyş etdi. Ýatlap geçsek, ýakynda Abu-Dabiniň (BAE) golaýyndaky “Söweş adasynda” Habib amerikaly Jastin Getjini demikdiriji usul bilen ýeňdi we ýeňil agramda çempion titulyny gorady, şondan soň karýerasyny tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi