Häkimiýetler 'öz kölegelerinden özleri gorkup' Internet elýeterliligini barha çäklendirýär raýatlar  

Häkimiýetler 'öz kölegelerinden özleri gorkup' Internet elýeterliligini barha çäklendirýär  raýatlar  

Biz halkara arenasynda bolup geçýän wakalary türk we rus media serişdeleri arkaly, ýurt içini Azatlyk Radiosy arkaly synlaýarys, ýöne soňky wagtlarda häkimiýetler Internet elýeterliligini barha çäklendirip, ilatyň aragatnaşyk mümkinçiliklerini gysyp başlady diýip, birnäçe türkmenistanly aýdýar.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýaňy-ýakynda Türkiýäniň Stambul şäherinde bolup geçen ýer sarsgynynda bu ýurtda bilim alýan dogan-garyndaşlaryny alada edendigini, Internet aragatnaşygynyň hiliniň ýaramaz bolmagy zerarly hem-de VPN zerurlyklary sebäpli, olar bilen öz wagtynda habarlaşyp bilmändigini aýdýar.

“Şol ýer titremede köp adam Türkiýedäki dogan-garyndaşlaryny alada edip, gijelerine ukysyz galdy, Internetiň tizligi peselip, hili ýaramazlaşansoň, hem-de VPN-ler işlemesini bes edensoň, öz wagtynda habarlaşyp hem bilmedik” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Ol özüniň ýeke däldigini, başga-da ençeme adamyň gyssag arada şu hili Internet päsgelçiliklerini başdan geçirendigini aýdýar.

Türkiýede, resmi sanlara görä, ýüzlerçe müň türkmenistanly ýaşaýar. Bu ýurtdaky dogan-garyndaşlary bilen habarlaşmak isleýän türkmenistanlylar, Internet petiklemeleri sebäpli, köplenç VPN gurallaryna garaşly galýarlar.

Ýöne ýurt raýatlary soňky wagtlarda şeýle gurallaryň hem indi Internet böwedini böwsüp bilmeýändigini, ençeme VPN programmalarynyň işlemegi bes edendigini aýdýarlar.

Bu ýagdaý raýatlaryň, hem aragatnaşyk mümkinçiliklerini, hem-de ýurtda we dünýäde bolup geçýän wakalar barada habar almak hukugyny ýiti çäklendirýär.

'Maglumat garaňkylygy'Daşary ýurtlarda adatdan daşary wakalar, ýaňy-ýakynda Türkiýede bolup geçen ýer sarsgyny ýaly tebigy heläkçilikler, ýa-da Russiýa-Ukraina urşunda bolşy ýaly halkara çaknyşyklar ýüze çykan halatynda bu ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň watanda galan dogan-garyndaşlary ilkinji nobatda özleriniň ýakynlaryndan mümkin boldugyndan gyssagly habar almaga, soňra bolsa, Internet ulgamyndaky maglumat çeşmelerinden ýa-da daşary ýurt döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden, teleradio kanallaryndan bolup geçýän wakalar barada doly maglumat almaga çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýurt raýatlarynyň ençemesi bu iki zerurlygyň-da ýurt içinde kanagatlandyrylmaýandygyny, hatda häkimiýetler tarapyndan özleriniň öňleriniň baglanýandygyny aýdýarlar.

“Öňler VPN ulanmazdan IMO messenjeri arkaly daşary ýurtlarda ýaşaýan dogan-garyndaşlarymyz bilen habarlaşyp bilýärdik. Ýöne, indi IMO-nyň üsti bilen-de daşary ýurtlara wideo, audio jaňlaryny ibermek üçin VPN ulanmaly bolýar” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy bilen ýurduň beýleki sebitlerinde gürrüňdeş bolan raýatlaryň ençemesi öz sebitlerinde hem ýagdaýyň birmeňzeş bolandygyny, halkara arenasynda ýitileşýän ýagdaýlaryň fonunda, türkmen halkynyň tas tutuşlygyna diýen ýaly maglumat garaňkylygynyň astynda galýandygyny aýdýarlar.

“Biz halkara arenasynda, öz ýurdumyzda bolup geçýän wakalar barada Azatlyk Radiosy, ýa-da türk we rus media serişdeleri arkaly habar alýarys” diýip, türkmenistanlylar aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, elektron neşirler daşary ýurtlarda we ýurt içinde bolup geçýän oňaýsyz wakalar barada habar bermeýär.

Ýurt raýatlary maglumat, media giňişliginde tas diňe diýen ýaly daşary ýurtlaryň habar çeşmelerine garaşly galýar.

“Türkmenistanyň halky syýasy we ykdysady taýdan hem gabaw astynda galýar. Meselem, daşary ýurt walýutasyny erkin çalşyp bolmaýar, hökümet dünýäden üzňeleşýär” diýip, bir telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy we dowam edýän kynçylyklaryň arasynda ilatyň maglumat gabawy astynda hem galýandygyna ünsi çekip, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Döwlet telewideniýesi Türkiýede bolup geçen ýer sarsgyny barada kelam agyz gürrüň etmedi” diýip, sarsgyn wagtynda dogan-garyndaşlary Türkiýede bolan türkmenistanlylar aýdýar.

Ýatlasak, 23-nji aprelde, Türkiýede çagalaryň baýramçylygy bellenýän güni, Stambul şäherinde 6,2 ululygynda ýer sarsylyp, media maglumatlaryna görä, 150-den gowrak adam ýaralandy. Bu sarsgyn türkmenleriň arasynda hem howatyrlanma döretdi.

Ýöne türkmenistanlylar şeýle wakalar ýüze çykan halatynda daşary ýurtlarda ýaşaýan ýakynlary bilen özleriniň derrew, päsgelçiliksiz habarlaşmak mümkinçilikleriniň özlerinde bolmagyny hem-de bolup geçýän wakalar barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly özlerinde erkin habar almak mümkinçilikleriniň bolmagyny talap edýärler.

“Adamlar habar almak üçin, VPN ulanyp, petiklemeleri böwsüp geçmeli bolýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda ilatyň Internet elýeterliliginiň barha köp çäklendirilmegi boýunça häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň aragatnaşyk mümkinçiliklerini, maglumat almak hukugyny basgylamakda berk tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda TikTok-da çykyş edýänler soraga çekilýär
Raýatlaryň WhatsApp, Telegram hasaplaryna zyýanly linkler iberilýär
Raýatlar durnuksyz Internet üpjünçiliginden şikaýat edýär
Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy
Daşary ýurtlara gitmäge "ýardam bermegi hödürleýän" hilegärleriň pidasy bolýan adamlar köpelýär
Mary welaýatynda Internetiň tizligi ymykly peseldi