Häkimiýetleriň sanawyndaky adamlar Garaşsyzlyk mynasybetli tussag edilýär, çagalar kemsinýär

Häkimiýetleriň sanawyndaky adamlar Garaşsyzlyk mynasybetli tussag edilýär, çagalar kemsinýär

Şu günler, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň günbatar Türkmenbaşy şäherinde häkimiýetler narkologiýa dispanserlerinde hasapda duran raýatlary, şeýle-de spirtli içgilere garaşly adamlar hökmünde saglyk-dikeldiş merkezlerinde hasaba alnan raýatlary 10-15 gün möhlet bilen wagtlaýyn tussag edýär.

Polisiýa işgärleri hasapda duran adamlary kä halatlarda çagalarynyň ýa-da agtyklarynyň gözüniň öňünde elini baglap, tussag edýärler. Ýerli ýaşaýjylar şeýle tussag etmeleriň çagalaryň ruhy saglygyna zyýan ýetirýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, türme ilatynyň sany boýunça dünýäde iň öňdäki hatarlarda bolan Türkmenistanda polisiýa işgärleri ozal tussaglykdan boşan raýatlardan 25-nji sentýabr 28-nji sentýabr aralygynda, Garaşsyzlyk baýramy geçýänçä, öýlerinden çykmazlygy talap edýärler.

Ýene degişli makalalar