Haj zyýaratçylarynyň ilkinji topary Saud Arabystanyna ugradyldy

Haj zyýaratçylarynyň ilkinji topary Saud Arabystanyna ugradyldy

Bu ýyl türkmenistanly haj zyýaratçylaryny Saud Arabystanyna ugratmak üçin ýygnanyşyk nokady hökmünde paýtagtyň Hezreti Omar metjidi saýlanyp alyndy.

Zyýaratçylaryň ilkinji topary 14-nji iýunda Aşgabatdan mukaddes Mekge we Medine şäherlerine tarap ýola düşdi.

Ozalky ýyllarda zyýaratçylaryň paýtagtyň halkara howa menzilinden ugradylmagyna rugsat berilýärdi. Ýöne bu ýyl ýygnanyşyk nokadynyň ýeri üýtgedildi.

“Bu ýyl haj zyýaratçylaryny aeroportdan ugratmaga rugsat berilmedi. Olar bilen metjitde hoşlaşdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýtdy.

Bu ýagdaý geçen ýyl haj parzyny berjaý etmäge giden adamlar bilen aeroportda hoşlaşylmagynda dyknyşygyň we başagaýlygyň ýüze çykmagy bilen ilteşdirilýär.

“Şonda başagaýlyk migrasiýa işgärlerine päsgelçilik döretdi. Şonuň üçin, zyýaratçylar bu gezek metjitden aeroporta ugradyldy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Hezreti Omar metjidinde zyýaratçylara “ihram” lybaslary paýlanyp berlipdir.

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti 7-nji iýunda 2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2312 sany türkmenistanlyny haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna ibermegiň meýilleşdirýändigini yglan etdi.

Biraz soň, 11-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti 22-nji iýun 15-nji iýul aralygynda 289 zyýaratçyny Saud Arabystanyna ibermek barada buýruga gol çekdi. Şeýle-de, “Türkmenhowaýollary” agentligine öz çykdajylarynyň hasabyna zyýaratçylary Saud Arabystanyna eltmek we yzyna getirmek üçin ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri döwlet serişdeleriniň hasabyna mukaddes topraklara iberilýän adamlaryň tölegsiz biletlerden daşary 20 müň manat töweregi çykdajy etmeli bolýandygyny, öz hasabyna Saud Arabystanyna gidýän adamlaryň 30 müň manat töwereginde pul çykarmaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Türkmenistanda haj zyýaratçylarynyň saýlanyp alynmagy we olaryň mukaddes saparlarynyň guramaçylygy bilen bagly dowam edýän korrupsiýa aladalary haj möwsümine kölege salýar.

Geçen ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti 2312 adamyň haj parzyna iberilýändigini yglan etdi.

Ýöne hajylyga dalaşgärlerden diňe 289 adamyň ýol çykdajylary “Türkmenhowaýollary” agentliginiň üstüne ýüklendi.

Ýerli synçylar Türkmenistanda soňky ýyllarda dowam edýän durmuş-ykdysady problemalaryň arasynda dine we dindarlyga ýykgyn edýän adamlaryň köpelýändigini, şeýle meýiller bilen baglylykda, haj zyýaratyna isleg bildirýän adamlaryň sanynyň hem artýandygyny aýdýarlar.

Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrligi dünýäniň her bir ýurdunyň ilat sanyna laýyklykda haj kwotasyny bölüp berýär. 2020-2021-nji ýyllarda koronawirus pandemiýasy sebäpli haj parzyny berjaý edýän zyýaratçylaryň sany berk çäklendirildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu ýyl türkmenistanly haj dalaşgärlerinden Saud Arabystanyna gitmezden ozal, öz smartfonlaryna we beýleki akylly enjamlaryna Türkmenistanyň Müftüliginiň müdiriýetiniň taýýarlan ykjam goşundysyny indirmegiň talap edilýändigini habar berýärler. Maglumata görä, bu goşundy türkmen hökümetine öz raýatlaryny mukaddes Mekge we Medine şäherlerinde yzarlamaga ýardam berer.

Şeýle-de, bu ýyl 64 ýaşdan ýokary adamlar mukaddes topraklarda bolup biljek “ölüm hadysalarynyň öňüni almak üçin” haj zyýaratyna alynmandyr.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmenistanly haj zyýaratçylaryndan Berdimuhamedowlara jan-saglyk dilemegiň talap edilýändigini habar berdiler.

Yslam ynanjynda adam ömrüniň dowamynda bir gezek berjaý edilmegi parz hasaplanýan haj zyýaraty musulmanlaryň aý senenamasynyň 12-nji aýynyň, ýagny zülhijje aýynyň ilkinji on günlüginde amala aşyrylýar. Bu ýyl haj möwsümi 26-njy iýun 1-nji iýul aralygyna gabat gelýär. Haj möwsüminiň üçünji gününde musulmanlar Gurban baýramyny belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY MEKGÄ HAJA UGRADYLAR
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
Türkmenhowaýollarynyň uçary Jiddada garşylandy
Saud Arabystany: "Haj parzyny berjaý etmek üçin 1 milliondan gowrak adam geldi" diýdi
Türkmenistan çilimiň we suw çiliminiň şiresiniň bikanun getirilmegine garşy göreşi güýçlendirer, Türkmenistandan iki müňden gowrak zyýaratçy Mekgede haj parzyny berjaý eder, Ogonki ansambly Awazada öz çykyşlaryny görkezer we beýleki habarlar
2023-nji Ýylyň Iň Gelim-Gidimli Şäheri Stambul Boldy