Hajyýew merhum žurnalisti 'arakhorlykda', zorlugyň pidasy bolan zenany 'janyndan geçmekde' aýyplady

Hajyýew merhum žurnalisti 'arakhorlykda', zorlugyň pidasy bolan zenany 'janyndan geçmekde' aýyplady

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň Ženewada geçirilen mejlisinde eden çykyşynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda aradan çykan habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň häkimiýetler tarapyndan yzarlamalara sezewar edilmändigini hem-de onuň 'arakhor bolandygyny' öňe sürdi.

Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda häkimiýetler tarapyndan mejbury zähmetden peýdalanylmagy, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň zähmet haklarynyň gijikdirilmegi ýaly adaty raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik problemalary barada ýurduň içinden habar beren Allaşow, uzaga çeken yzarlamalardan soňra, 2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda aradan çykdy.

Ol Azatlyk Radiosynda 2016-njy ýylda bary-ýogy üç aý işläpdi we şol ýylyň dekabr aýynda ejesi Gurbantäç Arazmedowa bilen bilelikde nas saklamakda aýyplanyp tussag edildi.

Olar 2017-nji ýylyň fewral aýynda üç ýyl möhlet bilen şertli tussaglyga höküm edildi. Ýöne türkmen kanunçylygy nas saklamakda günä bildirilýän adama jenaýat jogapkärçiligini göz öňünde tutmaýar.

Žurnalistiň 'gören görgüsi'Şondan soňra, bar bolan subutnamalara görä, Allaşowyň göreni “görgi boldy”, ol aradan geçen ýyllaryň dowamynda birnäçe gezek häkimiýetler tarapyndan saklandy. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri onuň polisiýa bölüminde rehimsizlik bilen gynalandygyny, şol sanda elektrik toguna tutulandygyny habar berdiler.

Hajyýew bu maglumatlary ret etdi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň münberinde şeýle meseleler barada hasabat bilen çykyş edende öňünde goýlan stakandan gaýta-gaýta suw içip, Allaşowyň "arakhor" bolandygyny ileri sürdi.

“Hudaýberdi Allaşow yzygiderli görnüşde köp mukdarda alkogolly içgileri sarp edýärdi.Ol administratiw jogapkärçilige çekildi.Ol birden köp gezek, gaýta-gaýta, özüniň raýat işjeňligi diýilýän boýunça, ilçihana wekillerinden pul almaga synanyşdy.

Allaşow yzarlamalara sezewar edilmedi we jenaýat jogapkärçiligine çekilmedi, şonuň üçin, onuň saglyk ýagdaýy, hasabatda öňe sürülşi ýaly, türme tussaglygy diýilýänden öň ýaramazlaşan bolup bilmez” diýip, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew aýtdy.

Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlar Allaşowa hem-de onuň ejesine lukmançylyk kömeginiň berilmeginiň hem ýerli häkimiýetler tarapyndan öňüne geçilendigini görkezdi.

Ol Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlygy doly bes etdi, muňa garamazdan, bar bolan maglumatlara görä, yzarlamalardan halas bolup bilmedi.

2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Allaşow ýene bir gezek Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli işgärleri tarapyndan alnyp gidildi, birnäçe sagatlap soraga çekildi we urlup-ýenjildi. Şonda onuň ejesiniň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, ýürek ýetmezçiligi bilen aradan çykýar.

Şol ýylyň noýabr aýynda bolup geçen beýleki bir sorag edişlikde häkimiýetler Allaşowa “ol gabyra girýänçä” özleriniň köşeşmejekdiklerini aýdýarlar. 2023-nji ýylda häkimiýetler tarapyndan nobatdaky gezek tussag edilende Allaşowa “uzak möhletli türme tussaglygy” bilen haýbat atylýar. Emma halkara guramalarynyň hem-de daşary ýurt diplomatlarynyň gatyşmagy netijesinde onuň jezasy azaldylyp, öňki žurnalist 15 gün möhlet bilen administratiw tussaglykda saklanýar.

Hudaýberdi Allaşow şondan bir ýyl soňra, 35 ýaşda, uzaga çeken hassalykdan ejir çekip, dünýäsini täzeleýär.

Türkmen häkimiýetleri halkara maslahatlarda Allaşowyň Türkmenistanda yzarlamalaryň we gynamalaryň pidasy bolmandygyny aýdyp, onuň ölümine özleriniň gatyşygyny ret edýärler.

BMG-niň Ženewadaky ýygnagyna hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdy. Ýygnaga gatnaşan “Progres” gaznasynyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Hajyýewiň bu sözleri aýdýan pursatlarynda zalda emele gelen howalany suratlandyrdy:

“Hökümet delegasiýasy graždan jemgyýete bolan rehimsiz, adamkärçiliksiz, kemsidiji çemeleşmesini aýan etdi. Žurnalist Allaşowy, ýogalan žurnalist Allaşowy arakhor’ diýip belledi” diýip, Ýaýlymowa aýtdy.

Ol azat metbugaty yzygiderli basgylamakda tankytlanýan türkmen häkimiýetleriniň garaşsyz žurnalistikany Türkmenistanda “öz ownuk bähbitlerini ileri tutmakda” we “galp maglumatlary ýaýratmakda” aýyplamagyna ünsi çekdi.

Awtoritarlara mahsus reaksiýaÝaýlymowa türkmen resmileriniň hasabat wagtynda özlerini “awtoritar syýasatçylara mahsus” häsiýetde alyp barandygyny, özleriniň halamadyk soraglaryna gaşlaryny çytyp, ýüzlerini sallap, göwünli-göwünsiz jogap berendiklerine ünsi çekdi

"Hökümet delegasiýasynyň çykyşlarynda awtoritar hökümete mahsus geň ýagdaýy synlap boldy. Delegasiýa birhili, ýaman niýetli, gödegiräk äheňde, gaharlanýan ýaly, hamala, 'siz näme üçin biziň kellämizi gynamalar, türmeler, aýal-gyzlaryň, çagalaryň, žurnalistleriň ýagdaýy barada sorap, agyrdýarsyňyz! Ine, bizde hemişelik bitaraplyk bar, tebigy gaz bar, şolar barada sorasaňyz gowy bolar' diýen ýaly täsir galdyrdy" diýip, Ýaýlymowa aýtdy.

Resmileriň özlerini şeýle alyp barmagy ýurtda häkimiýetleriň 'diňe ösüşleri wagyz etmek', 'berkarar we bagtyýar zamanany', 'abadan durmuşy, asuda asmany' mahabatlandyrmak tärlerine gabat gelýär.

Türkmen resmileri, synçylara görä, ýurduň içinde we daşynda diňe oňyn özgerişler barada gürrüň etmek, ýurtda we dünýäde bolup geçýän oňaýsyz wakalar barada dil ýarmazlyk, olara üns bermezlik we äsgermezilik tilsimlerinden ýyllarboýy peýdalanyp gelýärler.

Ýöne resmileriň özlerini şeýle alyp barmagy, ynsan hukuklaryny goraýjylara görä, ýurtda zor bilen ýitirim edilen adamlaryň keç ykbalyny, hukuk kemsitmeleri, raýatlaryň esasy azatlyklarynyň basgylanmagyny gizläp bilmeýär.

Wepa Hajyýew öz hasabatynda birnäçe ýyl mundan ozal Türkiýeden aldaw ýoly bilen Türkmenistana alnyp gidilip, soňra ynsan hukuklaryny goraýjylar tarapyndan zor bilen ýitirim edilenleriň sanawyna goşulan Ömruzak Omarkulyýewiň soňky ykbaly barada hem ozal jemgyýetçilige mälim edilmedik käbir maglumatlary ileri sürdi.

Hajyýew: "Aktiwist telekeçi boldy"“Ömrüzak Omarkulyyýew saklanmady, tussag edilmedi we kazyýet jogapkärçiligine çekilmedi. Ol [häzirki wagtda] telekçilik işi bilen meşgullanýar” diýip, Hajyýew aýtdy.

Omarkulyýew Türkiýede ýokary bilim alýan döwründe talyplar jemgyýetini döredip, şol gabatlar Azatlyk Radiosyna hem interwýu berenden soňra, 2018-nji yýlyň martynda, bar bolan maglumatlara görä, türkmen diplomatlarynyň gatyşmagynda, aldaw ýoly bilen, Türkmenistana alnyp gidildi.

Munuň yz ýany, ol özüniň Aşgabatdan Türkiýä gitmegine rugsat berilmeýändigini aýdyp, Azatlyk Radiosy bilen hem-de garaşsyz neşirler bilen habarlaşandan soňra, ýitirim boldy.

Şol ýylyň iýun aýynda Omarkulyýewiň Owadandepe türmesinde bolandygy, onuň 20 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilendigi barada maglumatlar peýda boldy.

Şondan bir ýyl soňra, 2019-njy ýylyň sentabr aýynda onuň 17 aý çemesi wagt bäri harby gullukda bolandygy barasynda Internet ulgamynda şübheli wideo peýda boldy.

Hajyýew 2023-nji ýylda beren halkara hasabatlarynyň birinde hem Omarkulyýewiň öýünde bolandygyny öňe sürüpdi.

Aradan iki ýyl geçip, ol bu malgumatyň üstüni ýetirdi. Onuň sözlerine görä, Omarkulyýew telekeçilik bilen meşgullanýar.

Ýöne geň ýeri, birnäçe ýyl mundan ozal daşary ýurtda türkmen talyplarynyň jemgyýetini döretmek ýaly başlangyçlar bilen işjeň çykyş eden ýaş ýigit, birden ümsüm bolup, ne Internetde çykyş edýär, ne-de köpçüligiň öňüne düşýär, ne-de häkimiýetleriň özleri ony görkezip bilýär.

Ýitirim etmeler türkmen syýasatyna öňden bäri kölege salyp gelýär, häkimiýetler muny inkär edýär, ýöne ynsan hukuklaryny goraýjylar, şeýle tejribeleriň Türkmenstana abraý getirmeýändigini aýdýarlar.

Hajyýew ölen adamy, Azatlygyň öňki žurnalistini arakhorlykda’ aýyplady, diri hasaplanýan adamy telekçilik bilen meşgullanmakda mahabatlandyrdy.

Ne merhum žurnalist Hudaýberdi Allaşow, ne-de öňki aktiwist Ömruzak Omarkulyýew özleri barada resmiler tarapyndan aýdylýan zatlara jogap berip bilýär.

Pidalaryň günäkärlenmegiAýnabat Ýaýlymowanyň bellemegine görä, Wepa Hajyýewiň aradan çykan adamlary günäkärlemek endigi hasabat wagtynda beýleki bir waka boýunça hem ýüze çykdy.

Ýatkasak, geçen ýylyň tomsunda türkmenistanly bir ene sosial ulgamlarda we garaşsyz neşirlerde, şol sanda Azatlyk Radiosynda çykyş edip, gyzynyň şübheli ölüminiň gaýtadan derňelmegini häkimiýetlerden haýyş etdi. Ol şeýle arzalar bilen häkimiýet wekillerine, adalatçynyň edarasyna hatda prezidentiň diwanyna çenli ýüz tutdy, ýöne netije alyp bilmedi.

Hajyýew şol waka boýunça Ženewada hasabat bilen çykyş edip, wepat bolan zenanyň öz janyna kast edendigini öňe sürdi.

“Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren derňew işleri netijesinde hem-de şaýatlaryň görkezmeleri esasynda, Jumamuradowanyň 2023-nji ýylyň 14-nji iýunynda serhoş halda, daş töwereginde ençeme erkekleriň we aýallaryň bolmaklygynda, gabanjaňlyk edip, aşa emosional reaksiýa bildirip, özüni penjireden oklap, öz janyna kast edendigi anyklandy” diýip, Hajyýew beýanat berdi.

Ýatlasak, 2024-nji ýylyň tomsunda Mary welaýatynyň ýaşaýjysy bolan we şol wagtlar Türkiýede zähmet migrasiýasynda bolan türkmenistanly Gülälek Azatlyk Radiosy we garaşsyz neşirler iri sosial hasaplar bilen habarlaşyp, şondan bir ýyl ozal 20 ýaşly gyzynyň Aşgabatda gümürtik şertlerde helak bolandygyny aýtdy.

Turkmen.news neşiriniň bu ölüm wakasy boýunça çap eden kazyýet-lukmançylyk seljermesinde ölümiň sebäbi beýiklikden ýykylma şikesi’ hökmünde görkezilýär.

Ýöne migrant ene bu ölümiň töwereginde bar bolan şübheler boýunça gözleg işlerini dowam etdirdi, häkimiýetlere ýüz tutdy.

Aýnabat Ýaýlymowa türkmen resmisiniň öwezini dolup bolmajak ýitgi boýunça beren hasabatyna salgylanyp, munuň adamkärçiliksiz bolandygyny aýtdy.

“Hökümetiň maşgala zorlugynyň pidalary barada aýdanlary gaty gödek äheňde bellenildi.Hasabat rus dilinde berildi, "tak nazywaemogo domashnego nasiliya" (maşgala zorlugy diýilýän) diýip aýdýar Wepa Hajyýew.Onuň pidany günäkärleýän rehimsiz dili ynjalyksyzlyklyk, utanç, gahar-gazap döredýär.

Wepa Hajyýew iki sany femisid’ hadysany suisid’ gyzlar öz janlaryna kast etdiler diýip jogap berdi.Güljemalyň ölümini, hamala, serhoş gyz kän adamly oturylyşykda bolup, gabanjaňlyk sebäpli, penjireden böküpdir diýip, jogap berdi” diýip, Ýaýlymowa aýtdy.

Onuň pikiriçe hut şeýle ýagdaý, resmileriň zenan pidalary günäkärlemekleriniň özi olaryň adamlara, raýatlara çemeleşmeleri barasynda pikir berýär.

“Meniň pikirimçe pidany günäkärlemek, bu diňe meniň pikirim däl, global derejede, dünýäde pidany günäkärlemek, özi hem ýogalan pidany günäkärlemek, ejesiniň şübhelenýän ýagdaýynda, hökümetden öz soraglaryna jogap alyp bilmeýän ýagdaýynda, rehimsiz, ýowuz, awtoritar režimde adamyň gadyr-gymmatynyň ýokdugyny görkezýär” diýip, Aýnabat Ýaýlyma türkmen režiminiň tebigatyna ünsi çekdi.

Azatlyk Radiosy bu wakalar boýunça türkmen hökümetinden Wepa Hajyýewiň Ženewada aýdanlaryndan başga resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen türmelerinde dereksiz ýiten hasaplanýan Ömrüzak Umarkulyýewiň şübheli wideosy peýda boldy
Azatlykda çykyş edeni üçin Agajuma daýyny’ 6 ýyl türmä höküm etdiler
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsert
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Diňle: Hajyýew merhum žurnalisti 'arakhorlykda', zorlugyň pidasy bolan zenany 'janyndan geçmekde' aýyplady
Türkmen resmisi dowamly yzarlamalardan soň merhum bolan žurnalist Allaşowy “arakhor” atlandyrdy