Hakan Fidan Belgiýa gitdi

Hakan Fidan Belgiýa gitdi

NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri 2024-nji ýylyndaky ilkinj maslahaty üçin 3-4-nji aprel aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçiriljek sammit üçin bir ýere jemlenişerler.

Sammitde Türkiyä Daşary işler ministri Hakan Fidan wekilçilik eder.

Sammitiň gün tertibinde eýmendirmek ugurulary, terrora garşy göreş we Ukrainadaky wakalar bolar.

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň gurama agza bolmagyndan soňky ýagdaý we Waşington sammiti üçin görülýän taýarlykar hem gün tertibinde esasy orun eýelär.

Daşary işler ministri Hakan Fidan maslahatda, NATO-nyň terrora garşy birlikde göreşmelidigini, munyň guramanyň esasy wezipelerinden biridigini, gurama agza ýurtlardan käbiriniň terror guramasy PKK/ÝPG bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň kabul edilmesizdigini ýene-de bir gezek nygtap geçer.

Hakan Fidan hyzmatdaşlaryň biri-birlerine goranyş senagaty ugrunda sanksiýa we çäklendirme goýmagynyň alýansyň ruhuna ters gelýändigini aýdyp geçer, Ýewropanyň goranyşynyň we howpsuzlygynyň täsirli ýagdaýda üpjün edilmegi bilen baglanşykly Türkiyäniň garaýyşlaryny beýan eder.

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň sammitiň çäginde Britaniýanyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň we Finlýandiýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Fidan: "Ysraýylyň Türkiyäni täze duşman diýip yglan etmek isleýändigini görýäris" diýdi
Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Hakan Fidan Ankara sammitinden öň Şwesiýada geçiriljek NATO gepleşiklerine gatnaşar
Rubio: “Tramp Türkiýede geçiriljek NATO-nyň liderler sammitine gatnaşar”
Fidan NATO sammiti barada: Türkiye bolmadyk bolsa, Tramp gelmezdi
Türkiýe Eýran söweşi meselesinde Pakistan bilen gepleşik geçirer
Ýakyn Gündogarda dowam edýän söweş meselesi Pakistanda ara alnyp maslahatlaşylar