Hakan Fidan daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Hakan Fidan daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Eýranyň Ysraýyla hüjüm etmeginden soň degişli resmiler bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliklerinde sebitdäki dartgynlygyň has hem artmazlygynyň zerurdygy beýan edildi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan Eýranyň daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Ministr Hakan Fidan Abdullahiýana Eýranyň 13-nji aprel güni gije Ysraýyla garşy görkezilen garşylykdan soň, sebitde has köp dartgynlygyň bolmagynyň islenmeýändigini, dartgynlygy artdyrjak ädimleri bes edilmegini arzuw edýändiklerini habar berdi.

Eýranyň daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan hem Ysraýyla garşy görkezilen garşylyklaýyn operasiýanyň tamamlanandygyny, Eýranyň hüjüme sezewar galmasa täze bir operasiýanyň guralmajakdygyny beýan etdi.

Hüseýin Emir Abdullahiýan Eýranyň ýaňadandan hüjüme sezewar galan halatynda bu gezek has güýçli ýagdaýda garşylyk görkeziljekdigini mälim etdi.

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan şeýle hem Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginde ministrleriň ikisi hem sebitdäki dartgynlygyň has hem artmazlygynyň gerekdigini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fidan: "Türkiye Ysraýyla garşy gozgalan genosid bilen bagly kazyýet işine goşular" diýdi
Hakan Fidan Katarly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Bu Tragediýadan Netije Çykarmasak Bu Soňky Gaza Urşy Bolmaz
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan gambiýaly kärdeşi Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy