Hakan Fidan Gazak Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Hakan Fidan Gazak Kärdeşi Bilen Duşuşdy

3-nji Antalýa Diplomatiýa Forumyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Antalýa gelen Gazagystanyň Daşary işler ministri we Wise-premýeri Murat Nurteleu Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda özara syýasy gatnaşyklar bilen birlikde goranyş senagaty, bilim we medeniýet ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykda geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 10 milliard dollardan geçendigi ýatladyldy.

Hakan Fidan bilen Murat Nurteleu durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamar, sebitara meseleler we Türki döwletleriň guramasynyň çäginde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi meselesi hakynda hem pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Antalýa Gelýän Syýahatçylaryň Sany Gün Saýyn Köpelýär
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan bosniýaly kärdeşi Konakowiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan Saud Arabystanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Fidan Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Russiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Müsüriň Daşary Işler Ministri Türkiyä Sapar Gurar