Hakan Fidan, Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Hakan Fidan, Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

60-njy Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşmak üçin Germaniýa giden Daşary işler ministri Hakan Fidan, Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis bilen duşuşdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Önjü Keçeliniň sosial mediadan beren habarnamasyna görä, Fidan bilen Ýerapetritis Mýunhende duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda özara we sebitara gatnaşyklar bilen birlikde 7-nji dekabrda Afinide geçirlen Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 5-nji maslahatynda baglaşylan şertnamalaryň ýerine ýetirliş tapgyry we Ynamy artdyjy çäreler maslahatynyň çäginde durmuşa geçiriljek işler hakynda pikir alyşdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Önjü Keçeli habarnamasynda, duşuşykda Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakisiň paýtagt Ankara gurajak sapary üçin görülýän taýarlyklaryň hem ara alnyp maslahatlaşandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Brýusselde Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Gresiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolýar
Türkmenistanyň we Kipriň Russiýadaky ilçileri Moskwada duşuşdylar
Türk mediasyna syn
Türkiýe: türkmenistanly çopan başlygyny öldürmekde aýyplanýar