Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýannama berdi

Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýannama berdi

Yrakdaky terrora garşy göreşiň üstünde durup geçen Hakan Fidan: "Biz, Süleýmaniýedäki dostlarymyzyň ýol ýakyn wagty ýalňyşlyklaryndan ýüz öwürmegini, Türkiye bilen dostlugyny taryhda bolşy ýaly häzirki wagtda hem berkitmegini we bilelikde umumy geljege tarap gitmegini isleýäris" diýip habar berdi.

Hakan Fidan Erbil, Süleýmaniýe, Bagdat, Kerkük we Mosulda geljegi bilelikde gurjakdyklaryny, ol ýerlerde terror guramalaryna pursat bermejekdiklerini belläp: "Biz indi olary ulgamdan çykarmagymyz gerek. Olar ulanylyş möhledi tamamlanan guramalar. Adyny agzap geçen şäherler, medeniýetler gadymy medeniýetlerdir we ozal hem bular ýaly görnüşli howplaryň hötdesinden geldiler, nesip bolsa mundan soň hem gelerler" diýip mälim etdi.

Döwrebap çäreleriň gün tertipde bolup bolmandygy bilen bagly soraga jogap beren Hakan Fidan: "Siz meniň duşmanymza goldaw berdigiňiz saýyn, näme etmegime garaşýarsyňyz?Bu meselede açykdyrys.Bu duşmanyň senden peýdalanmagynyň öňüni almak meniň borjum.

Men muny ederin.Muny edýän wagtym, saňa duzak guramok, ýüzüňe aýdýaryn.Ondan ýüz öwüriň sebäbi bu siziň peýdaňyza däl, bu hiç kimiň peýdasyna däl.Süleýmaniýadaky halk Türkiyäniň dostlary bolan halk.

Terror guramasy bilen hiç hili baglanyşygy bolup biljek halk däl" diýip beýan etdi.

Hakan Fidan: "Süleýmaniýadaky Kürdüstan Watançylyk Bileleşiginiň ýolbaşçylygy we PKK bilen gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy biziň üçin mesele bolmakdan daşary, indi milli howpsuzlyga abanýan howpa öwrüldi" diýip habar berdi.

Hakan Fidan: "Türkiye sebitde durnuklylygyň agdyklyk etmegini üpjün etmek üçin ähli daşary syýasat gurallaryny utgaşdyrylan görnüşde ulanmakda tutanýerlidir" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi