Hakan Fidan: "Günbatar Gazadaky gyrgynçylygyň sessiz şärigidir" diýdi

Hakan Fidan: "Günbatar Gazadaky gyrgynçylygyň sessiz şärigidir" diýdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi.

"Şu gün hormatly kärdeşim bilen sebitimizdäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik tapdyk" diýip aýdan Hakan Fidan: "Ilki bilen Günorta Kawkazdaky wakalary maslahatlaşdyk. Sentýabr aýyndaky terrora garşy operasiýa bilen Azerbaýjan Garabagdaky häkimiýetini we özygtyýarlylygyny doly ýagdaýda ýola goýdy. Şol mynasybetli özüni ýene-de bir gezek gutlaýarys" diýip belledi.

Parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürjek Günorta Kawkazyň ähli aktýorlaryň peýdasynadygyny aýdan Hakan Fidan: "Şol sebäpli ähli taraplar parahatçylyk we kadalaşma gurşawynyň emele gelmegi üçin tagalla etmelidir.Gynansagam Günbatarda guramalaşdyrylan ermeni diasporasy Ermenistanyň halkynyň sezewar galan kyn şertlerinden hyýanatçylykly peýdalanýar.

Käbir ýurtlary Azerbaýjana garşy küşgürmäge synanyşýar.Olar bilen iş salyşmagyň ýerine Ermenistanyň halkynyň goňşylary bilen kadaly gatnaşyklary ýola goýjak bir gurşawyň emele gelmegi üçin güýç sarp etmekleri has dogry bolar" diýip nygtady.

Ysraýylyň gabawy astyndaky Gazadaky tragediýanyň dowam edýändigini aýdan Hakan Fidan, Türkiyäniň halkara derejede alyp barýan işleri barada Baýramowa maglumat berendigini mälim etdi.

Hakan Fidan: "Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Ligasynyň umumy sammitinde söweşiň bes edilmegi we hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin halkara derejede başlangyçlar etmek barada karara gelindi.Daşary işler ministrleri hökmünde soňky gezek bolsa ABŞ-da we Kanadada saparda boldyk.

Ertir bolsa Oslo şäherinde Norwegiýa, Şwesiýa, Finlýandiýa, Daniýa, Islandiýa, Belgiýa, Gollandiýa we Lýuksemburg ýaly ýurtlaryň resmileri bilen duşuşyk geçireris.Palestinanyň hakly dawasyna berýän goldawymyzy ýene-de bir gezek nygtap geçeris" diýip habar berdi.

Häzirki wagda Gazada ylalaşyk bilen gyrgynçylygyň arasynda diňe ABŞ-nyň durandygyny aýdan Hakan Fidan: "Biziň we halkara jemgyýetiň ýüzlenmesi anyk. Palestinalylara garşy edilýän zulum bes edilmeli, tiz wagtda ýaraşyk baglaşylmaly, parahatçylyk tapgyry başladylmalydyr" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan, Palestinanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Bu Tragediýadan Netije Çykarmasak Bu Soňky Gaza Urşy Bolmaz
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan gambiýaly kärdeşi Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Gresiýanyň Premýer-ministri Ankara Geldi
Hakan Fidan Kataryň Premýer-ministri we Daşary Işler Ministri Al Tani Bilen Duşuşdy