Halk market türkmen-tatar işewürlik forumynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy

Halk market türkmen-tatar işewürlik forumynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabadyň Ýyldyz myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmen-tatarystan işewürlik forumy öz işine başlady.

Watan habarlar gepleşiginde hem beýan edilişi ýaly, işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň, hususy düzümleriniň we işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de mundan beýläk-de özara hereket etmegiň meýilnamalary bellenildi.

Hususan-da, duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň Halk market supermarketleriniň söwda toplumy bilen Naturalnoýe zdorowýe jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekildi.

Forumyň gün tertibindäki meseleler iki ýurduň, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda uly söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiligi babatda Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň pudaklaýyn edaralarynyň we işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy özünde jemledi.

Tatarystanyň hem-de Türkmenistanyň işewürler toparlarynyň arasynda özara hereket etmegiň oňyn tejribesiniň bardygyna, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üstünlikli işleýändigine üns çekildi. KamAZ, Tatneft, KER-Holding, maşyngurluşyk kärhanalary ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi.

Forumda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmagyň, şol sanda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Awtomobil, awia we gämigurluşyk, energetika, himiýa önümlerini, derman serişdelerini we lukmançylyk serişdelerini ibermek, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda hem-de beýleki pudaklarda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Ýene degişli makalalar

ТУРКМЕНО-ТАТАРСТАНСКИЙ БИЗНЕС-ФОРУМ
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy
TÜRKMEN-TATAR GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGIŇ GELJEKKI UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
Aşgabatda Daşkent seýilgahiniň gurluşygy tamamlanyp barýar, Türkmenistan we Tatarstan KAMAZ hem-de Tatneft taslamalary boýunça haryt dolanyşygyny artdyrmaga taýýar we beýleki habarlar
Türkmenistan KAMAZ we Tatneft taslamalary boýunça Tatarystan bilen haryt dolanyşygyny ýokarlandyrar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystanyň Prezidentiniň...