Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag futbol toparynyň türgenleşiklerini synlady

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag futbol toparynyň türgenleşiklerini synlady

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň dowamynda Arkadag şäheriniň köpugurly stadionyna hem bardy. Gahryman Arkadag döwrebap stadionda Arkadag futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy hem-de olaryň türgenleşiklerini synlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag toparynyň futbolçylarynyň umumy ýagdaýy, olaryň maddy üpjünçiligi bilen gyzyklandy.

Şeýle-de Gahryman Arkadag döwletiň türkmen sportunyň mundan beýläk-de ösmegi, şol sanda ýurtda futbolyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi hem-de bu toparyň Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazanmagynyň ähmiýetli waka öwrülendigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri
Ylmyusuly maslahat
Haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi yglan edildi
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy
Kitap ruhy hazyna
Milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy
Gahrymanlar ebedi ýaşaýarlar