Türkmen jemgyýetinde il-ýurt bähbitli meseläni geňeşip çözmek gadymy ýörelgedir. Ýaşulynyň tejribesi, jemgyýetiň pikiri we ýolbaşçynyň jogapkärçiligi şol ýörelgede birleşipdir.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Mejlisde eden çykyşynda Milli Liderimiz: Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr diýip, belledi.
Halk Maslahatynda möhüm döwlet meseleleri boýunça tekliplere garalýar we olar makullanýar, içeri hem daşary syýasatyň esasy ugurlary, ösüş maksatnamalary we konstitusion başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylýar.
Konstitusion kanun Halk Maslahatynyň işini anyk ýörelgelere baglaýar. Olaryň arasynda demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk we kanunyň hökmürowanlygy bar. Şeýle hem adamyň hukuklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we jemgyýetçilik pikirini nazara almak görkezilýär.
Kanun maslahatlaşmanyň guramaçylyk tertibini hem belleýär. Mejlisiň ýylda azyndan bir gezek geçirilmegi hökmanydyr. Agzalaryň azyndan üçden iki bölegi gatnaşanda, mejlis ygtyýarly hasaplanýar. Halk Maslahatynyň Prezidiumy bolsa, hemişelik hereket edýän kollegial edara hökmünde taýýarlyk işlerini alyp barýar.
Halk Maslahatynyň düzüminde döwlet ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýerli halk maslahatlarynyň wekilleri we jemgyýetçiligiň dürli toparlary birleşýär. Şol sebäpli ýurduň ileri tutulýan meseleleri dürli derejedäki tejribäniň esasynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Kabul edilen çözgütler degişli döwlet edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ýerine ýetirilýär.
Halk Maslahatynyň mejlisleriniň jemgyýetçilik ähmiýeti bolsa raýatlaryň teklipleri bilen alnyp barylýan işde has aýdyň görünýär. Gün tertibine giriziljek meseleler öňünden ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu iş ýerli halk maslahatlary, Mejlis, Hökümet, häkimlikler we jemgyýetçilik birleşikleri bilen utgaşykly alnyp barylýar.
Prezidiumyň işi teklipleri ýygnamak bilen tamamlanmaýar. Guramaçylyk topary gün tertibiniň taslamasyny, resminamalary we maglumatlary öňünden taýýarlaýar. Ýerli halk maslahatlaryna usulyýet goldawy berilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin düşündiriş maglumatlary hem taýýarlanylýar. Welaýatlardan ýa-da etraplardan gelip gowşan teklipler umumylaşdyrylyp, döwlet derejesindäki maslahata ýetirilýär. Esasy ölçeg şol teklibiň seljerilmegi, degişli edara ýetirilmegi we ýerine ýetirilişiniň jemgyýetçilige düşnükli beýan edilmegidir.
Şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde tutumly işlere badalga berler, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň berkararlygy üçin taryhy kararlar kabul ediler. Munuň özi asylly ýörelgeleriň dowamat-dowamdygynyň ýene bir aýdyň güwäsi bolar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun.
Huseýin Şaýymow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ätiýaçlandyryş işi kafedrasynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty.
