Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

Düýn 24-nji aprelde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň her ýyl geçirilýän mejlislerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilýär we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garalýar. Bu mejlisler özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy täze pikirlerdir bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, forum özüni atşynaslaryň, ugurdaş hünärmenleriň, alym-ippologlaryň, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň dürli ýurtlardaky muşdaklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança hökmünde görkezdi.

Ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilen forumyň gün tertibine birnäçe meseleler, şol sanda assosiasiýanyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri, oňa täze agzalary kabul etmek, ahalteke atçylygyny ösdürmek we ony halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, netijeli işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak bilen bagly meseleler girizildi.

Mundan başga-da, degişli guramaçylyk meselelerine garaldy.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli hem umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak meselelerine berýän hemişelik ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şeýlelikde, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi öz işini tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Hiç zat unudylanok, hiç kim ýatdan çykanok
Kitaphananyň taryhy hem-de şu güni
Gaýduwsyzlygyň beýik mekdebi
Watan ogullarynyň edermenligi bakydyr
Watan gahrymanlarynyň miras goýan mertligi
Magtymguly Pyragy dünýä dillerinde
Beýik Ýeňiş mizemez hatyra