Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň sözlerine we hasabatyna Eýranyň beren jogaby

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň sözlerine we hasabatyna Eýranyň beren jogaby

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Baş müdiriniň soňky hasabaty, bu guramanyň sekretariatynyň Eýran bilen hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň derejesine ähmiýet bermän bir taraplaýyn çemeleşýändigini görkezýär we iki tarapyň geljekdäki gatnaşyklaryna päsgelçilik bolup biler.

Bu sözler, Eýranyň Wenada ýerleşýän halkara guramalardaky ilçisi Kazem Garibabadiniň Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň hasabatyna beren jogabynyň bir bölegidir.

Rafael Grossi Dolandyryjylar geňeşiniň mejlisiniň ilkinji güninde duşenbe güni aýtdy; IAEA-nyň Eýranyň gorag beýannamalarynyň takyklygy we dolulygy baradaky soraglaryny aýdyňlaşdyrmakda öňegidişligiň bolmazlygy, IAEA-nyň Eýranyň ýadro maksatnamasynyň asuda tebigatyny üpjün etmek ukybyny pese gaçyrýar.

Şeýle-de bolsa, Grossiniň aýdanlary hakykata laýyk däl we ABŞ-nyň maksatlaryna laýyk gelýär. IAEA Dolandyryjylar geňeşiniň Wenadaky mejlisine gabat gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken Palatanyň Daşary gatnaşyklar komitetinde geçirilen diňlenişikde BMG şertnamasynyň bozulandygyna garamazdan Eýranyň Ýadro ylalaşygyna dolanmaga entek taýyn däldigini ýa-da islemeýändigini aýtdy.

Muhammet Jawad Zarif" twitterde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň sözlerine jogap hökmünde şeýle ýazdy;

"ABŞ-nyň prezidenti bilen Blinkeniň Trump we Pompeonyň" iň ýokary basyş "syýasatyny terk etmäge we ykdysady terrorçylygy söwda şertnamasy hökmünde ulanmagy bes etmäge taýýardygy entek belli däl emma Eýran Borjama ygrarlydyr "Diňe 36-njy abzasy okaň diýdi."

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Taht Ravançy "Al-Jazeera" habar gullugyna "Trump administrasiýasy Barjamdan gitmek kararyna gelende, Barjamdaky galan agzalar Trump-a beýle pozisiýa tutmazlygy haýyş etdi" -diýdi. Trump administrasiýasynyň şertnamadan çykmagy üçin bize kompensasiýa berjekdiklerini aýtdylar. "Bir ýyl garaşdyk, ýöne beren wadalary bize gelmedi we boş wada boldy diýip aýtdy".

Ýene degişli makalalar

Hatibzadeh: Grossiniň Palestinanyň basylyp alnan ýerlerine sapar etmegi agentligiň abraýyna agyr zarba urdy
Amir Abdullahian Borrele ýüzlenip: Beýleki tarap goşa standartlardan saklanmalydyr
Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi
Kanani Çafi: ýadro şertnamasyny dikeltmek hakda çynlakaý päsgelçilik ýok
Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi
Çawuşogly Duşuşyga Togg Bilen Gitdi
HAEG-nyň Başlygy Zaparožýe Atom Elektrik Bekedine Baryp Gördi