Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy

Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy

Dünýäniň iri awiakompaniýalary çarşenbeden — şu günden başlap, ABŞ-nyň käbir aeroportlaryna uçuşlary ýatyrmakçydyklaryny habar berdiler. Munuň sebäbi hökmünde ol howa menzillerinde 5G ulgamynyň ornaşdyrylmagy görkezilýär, ýagny 5G ulgamy uçarlaryň möhüm enjamlarynyň işine ýaramaz täsir edip biler. Bu barada CNN teleýaýlymy habar berdi.

Teleýaýlymyň habaryna görä, eýýäm uçuşlary bes etmekçidiklerini Emirates Airlines, Air India, All Nippon Airways we Japan Airlines awiakompaniýalary yglan etdi.

Emirates Airlines kompaniýasy, meselem, Amerikanyň dokuz şäherine: Bostona, Çikago, Dallasa, Hýustona, Maýamä, Nýuarka, Orlando, San-Fransisko we Sietle uçuşlary togtatmakçy. Kompaniýa ady tutulan meseläni tiz çözmek barada ady tutulan şäherleriň häkimiýetleri bilen gepleşikleri alyp barýandygyny habar berdi.

Öz gezeginde Air India Deli şäheri bilen San-Fransiskonyň, Çikagonyň we Nýu-Ýorkdaky Jon Kennedi adyndaky aeroportuň arasynda, şeýle-de Mumbaý-Nýuark gatnawlary saklaýandygyny yglan etdi.

ABŞ-da 5G ulgamyny ornaşdyrmak bilen meşgullanýan AT&T we Verizon kompaniýalary bu habaryň yzysüre ulgamyň diňlerini käbir aeroportlaryň golaýynda ýerleşdirmekden el çekýändigini habar berdi. ABŞ-nyň hökümeti 5G diňlerini ulanyşa bermegiň soňa goýulmagyny oňlady.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatyny kabul edýän şäherler belli boldy
ФИФА опубликовала список городов-хозяев ЧМ-2026
Dünýä Kubogy 2026-nyň geçiriljek şäherleri mälim edildi
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ussatlyk sapagy geçirildi
ABŞ-da iki dogan öz maşgalalarynyň agzalaryny öldürenlerinden soň, öz janlaryna kast etdiler
Daşary ýurt metbugatyna syn