Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli göçme konsert guralýar

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli göçme konsert guralýar

Türkmenistanda her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary üçin aýdym-sazly baýramçylyk sowgadyny taýýarlady. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär.

Baýramçylyk mynasybetli guralýan konsert häzirki wagta çenli ýokary okuw mekdepleriň 16-synyň bäşisinde geçirildi.Olarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmen döwlet maliýe institutynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteitiniň talyplary Maýkl Jeksonyň we Queen toparynyň repertuarlaryndan aýdymlary ýerine ýetirýän aýdymçy Döwran Şammyýewi, şeýle-de Antonio Wiwaldiniň Möwsümlerinden parçalary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän Bahram Dolyýewiň sazly çykyşy oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Toty çawuşy aýdymy saksafon bilen beýan eden Kakajan Hudaýberdiýewiň hem çykyşy köpleriň söýgüsini gazandy.

Konsertde Muslim Magomaýewiň repertuaryndan Noktýurn we Myrat Sadykowyň konsertlerinde ýaňlanan Aşgabat aýdymyny ýerine ýetirildi. Konsert Baýram Hudaýnazarowyň watançylyk temasyndan “Bitaraplyk” aýdymy bilen tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ermeni kompozitory Arno Babajanýanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi
Wladimir Mkrtumow we onuň egindeşleri zenanlar üçin we jenanlar hakda aýdymlary ýerine ýetirdiler
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Röwşen Nepesowyň orkestri: zenanlara söýgi bilen
Milli konserwatoriýada baýramçylyk konsertleri boldy
Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi