Halkara Booker baýragyny aldy

Londonda Halkara Booker baýragynyň ýeňijisi onlaýn görnüşde yglan edildi.Niderlandly 29 ýaşly ýazyjy zenan Marika Lukas Reýneweld Agşamyň oňaýsyzlygy (The Discomfort of Evening) romany üçin Halkara Booker baýragyna mynasyp boldy. (Bu baýragy golaýda uzyn sanawy mälim edilen esasy Booker baýragy bilen garyşdyrmaly däl).

Bu barada baýrak eminleriniň başlygy, iňlis ýazyjysy, edebiýatşynas Ted Hojkinson yglan etdi.Kitapda çagalyk ýyllary uly doganyny ýitiren Ýas atly golland gyzyň täsin durmuşy barada gürrüň berilýär.

Awtor Marika Lukas Reýneweld we terjimeçi Mişel Hatçinson 50 müň funt sterling pul baýragyny öz aralarynda paýlaşarlar.Reýneweld Booker-iň taryhynda iň ýaş awtordyr.Agşamyň oňaýsyzlygy romanyndan başga-da, argentinaly, germaniýaly, eýranly, meksikaly we ýaponiýaly ýazyjylaryň 5 eseri 2020-nji ýylyň Halkara Booker baýragynyň gysga sanawyna girizildi.

Jemi 30 dile terjime edilen 124 kitap gözden geçirildi.Iňlis diline terjime edilip, Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen islendik kitabyň awtory Halkara Booker baýragyna eýe bolup biler.

Bu baýrak 2004-nji ýylda döredilip, 2016-njy ýyla çenli her iki ýyldan bir gezek berilýärdi.Häzir bolsa, her ýyl berilýär. 2019-njy ýylda omanly ýazyjy zenan Joha Alharthi Asman jisimi (Celestial Bodies) atly kitaby üçin bu baýraga mynasyp bolupdy. Ýeňiji 19-njy maýda yglan edilmelidi, ýöne dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli yza süýşürilip, onlaýn ýagdaýda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Hüwdi çaga dünýäsiniň mukaddes senasy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ-nyň Uçar Gämisi Ýakyn Gündogara Bardy
Wirtual aktiwler sanly ulgamyň möhüm gymmatlygy
Bassem Tadros: Türkmenistan dünýäniň iň geljegi bar bolan energetika merkezleriniň biridir
Ok-däri üçin pagta: Merkezi Aziýa Kremliň harby maksatlary üçin çig mallary nädip üpjün edýär