Halkara Donorlar Maslahatynda Berlen Wadalar, Türkiýäniň Dikeldiş Etabyna Uly Goşant Goşar

Halkara Donorlar Maslahatynda Berlen Wadalar, Türkiýäniň Dikeldiş Etabyna Uly Goşant Goşar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, 6-njy fewralda bolan ýer titremelerinden soň Halkara Donorlar maslahatynda berlen wadalaryň, Türkiýäniň ýaňadandan dikeldiş etabyna uly goşant goşjakdygyny nygtady.

Çawuşoglu, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde, Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremelerinde ezjir çekenler üçin geçirlen Halkara Donorlar maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

Maslahatyň geçirilmegine öňbaşçylyk eden Ýewropa Bileleşigi Komissiýasyna we Şwesiýa bilen birlikde maslahata goldaw beren ähli ýurtlara sagbolsun aýdan Çawuşoglu, “Maslahata 65 ýurt we 26 halkara gurama gatnaşdy” diýdi.

Çawuşoglu, “Maslahatda, şu günki güne çenli berlen kömeklerden daşary, ýurdumyza 6 milliard ýewrodan gowrak kömek berilmek barada wada berildi. Türkiýe, hemişe dünýäniň niresinde bolandygyna garamazdan kyn ýagdaýda bolan ýurtlara we ynsanlara ýardam beren ilkinji ýurtlardan biri boldy. Ýer titremelerinden soň ÝB-niň we halkara jemgyýetçiliginiň Türkiýe bilen arkalaşykly hereket etmegine hoşallyk bildirýäris” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşoglu “Howpsuz ýerlerde has çydamly we döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurarys” diýip belledi.

Mewlüt Çawuşoglu “Ýogalan adamlaryň elbetde ýeri doldurylmaz. Emma ýykylarlaryň ýerine has gowularyny gurarys. Şu gün berlen wadalar ýaňadandan dikeldiş işlerine uly goşant goşar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Türk metbugaynyň gysgaça mazmuny
Mewlüt Çawuşoglu Bilen Sergeý Lawrow Ankarada Duşuşdy
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Mewlüt Çawuşoglu Çilili we Serbiýaly Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi