Halkara festiwalyň çäginde türkmen artistleri Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş etdiler

Halkara festiwalyň çäginde türkmen artistleri Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş etdiler

Şu gün ýurdumyzda geçirilýän Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň çäginde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary halkara festiwala gatnaşyjylara Ak gämi atly sahna eserini görkezdiler.

Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan Ak gämi atly sahna eserinde Süleýman Gurbanow Nurgazynyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Akmyrat Arçikow Mömin aganyň, Gerek Hojamämmedowa öý bikesiniň, Gülşat Meňliýewa Bekeýiň, Sülgün Täşliýewa Güljemalyň, artistler Döwran Hojageldiýew Orazkulyň, Süleýman Eminow Seýitahmediň, Söhbet Täçmämmedow Koketaýyň, Allaberdi Öwezow satyjynyň, Şirgeldi Saparow sürüjiniň keşplerinde, oýnuň köpçülikleýin sahnasynda bolsa teatryň artistleri çykyş edýärler.

Heniz ýaşlygyna garamazdan Süleýman Gurbanow gyrgyz obasynda ýaşaýan gyrgyz oglanjygynyň keşbini gaty ynandyryjy ýerine ýetirmegi başarypdyr.Nurgazy betbagt Mömin gojanyň agtygy, Mömin gojanyň şähere giden gyzynyň ogly.Ol eje-kaka mährinden jyda düşen, ejeli ýetim, kakaly ýesir çaga!

Oňa dost gerek, hossar gerek, howandar gerek!Onuň bilen gürleşýän ýok, kimiň ýanyna barsa, oňa bar oýna diýýärler!Oňa seniň kakaň Yssykkölde ýüzüp ýören ak gäminiň kapitany diýip ynandyrypdyrlar.

Arzuwçyl, hyýalbent oglan, hiç bolmanda, balyga öwrülip kakasy bilen duşmak arzuwynda ýaşaýar.Onuň kakasy hakda ajaýyp ertekisi bar.Ol ertekiler dünýäsinde ýaşaýar.Mömin gojanyň ikinji gyzy Bekeýiň çagasy bolanok.

Onuň adamsy - tokaý hojalygynyň gözegçisi haramzada Orazgül perzentsiz geçip barýanyna aýalyndan görýär...Ol içýär, mydama şagal mesligini edýär, häli-şindi kemmagal aýalyny urýar!Gaýyn atasynyň ýanynda urýar!

Gaýyn atasynam urýar!Sebäbi oňa perzent gerek!Ol ogryn-dogryn agaç satýar, pullanýar, ýöne öýe pul däl-de, ahy - efgan, dady - perýat gelýär!

Mömin gojada ertekiler dünýäsinde ýaşaýar. Ol gyrgyz halkynyň kyblagähiniň - ullakan şahly ene maraldygyna ynanýar. Gadym zamanlar Ene maral urşup - gyrlyşyp ýören gyrgyz taýpasyny taşlap gidipdir. Ana, şol Ene maral gaýdyp gelýär! Wagşylaşan durmuş Mömin goja Ene maraly atmaga mejbur edýär! Goja özüniň keramatly, gudratly ertekisini atýar!..

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde Çingiz Aýtmatowyň eserleri esasynda Ak toprak hem-de Elwan ýaglykly serwim ýaly oýunlar sahnalaşdyrypdy.

Ýene degişli makalalar

Halkara festiwalyň çäginde Ak gämi atly sahna eseri görkezildi
“Ak gämi” ak menzillerde
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş eder
Gazagystan döwrebap hassahanalaryň gurluşygynda Türkiýäniň tejribesinden peýdalanar
Gazagystanda milli ilat ýazuwy tamamlandy