Halkara gatnaşyklary institutynda Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Halkara gatnaşyklary institutynda Änew  müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, medeniýet we sungat, ylym we bilim ulgamlarynyň işgärleri, Daşary işler ministrliginiň, KHBS-iň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň bellemegine görä, kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, Änew medeniýetiniň Sumer siwilizasiýasynyň döwürdeşi bolandygyny subut eden R.Pampelli, W.Sarianidi, W.Masson ýaly tanymal alymlaryň mynasyp goşantlary barada gürrüň berilýär.

Kitapda degişli ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň iri ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO, şeýle hem TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine, gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär.

Eserde öňe sürülýän garaýyşlar onuň üç bapdan ybarat mazmunynda giňden beýan edilýär.

Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelipdir. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki eser daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni hem gürrüňsiz özüne çeker.

Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyk, täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
Änew şäherinde agyz suwunyň hili ýaramazlaşýar
Sahnada Gilgameş atly spektakly
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Ankarada geçirilen medeni-köpçülik çäreleri