Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi

Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi

9-10-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sport ýaryşlary geçirildi. Ýaryşlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli guraldy diýip, institutyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Çärelere diplomatik gullugyň işgärleri bilen birlikde, köp sanly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, diplomatlaryň arasyndaky ýaryşlar sportuň iki görnüşi — woleýbol we küşt boýunça geçirildi. Sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda 1-nji orna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işgäri Kuwwat Reýimberdiýew, 2-nji orna Gazagystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili Çingiz Kakenow, 3-nji orna bolsa Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow mynasyp boldy.

Woleýbol ýaryşlarynda bolsa 1-nji orna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, 2-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, 3-nji orna bolsa Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň toparlary mynasyp boldular. Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan diplomatlara hem-de diplomatik wekilhanalara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Yslamabatda geçiriljek yklym ýaryşyna gatnaşar
Woleýbolda Taryhy Üstünlik…
Prezident Erdogan, Woleýbolçy Gyzlary Gutlady
Woleýbolçy Gyzlar Şu Gün Ertir ABŞ Bilen Bäsleşer
Woleýbolçy Gyzlar Ýarym Finala Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
U19 Türkiýäniň Milli Ýygyndy Zenan Woleýbol Komandasy Finala Çykdy