Halkara guşlar gününe bagyşlanan düşündiriş çäreleri

Bu halkara ekologiýa baýramy janly tebigat dünýäsini goramagy wagyz etmäge, adamlarda seýrek duşýan guşlaryň ykbalyna jogapkärçiligi terbiýelemäge gönükdirilendir. Halkara guşlar güni ilkinji gezek XIX asyryň ahyrynda ABŞ-da bellenilipdir, ýüz ýyl mundan ozal ol Ýewropa we Russiýa gelipdir, häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň köpüsinde, şol sanda Türkmenistanda hem bellenilýär.

Guşlar gününe bagyşlanan çäreler ozaly bilen ýaşlara gönükdirilendir.Adatça şol gün ýetginjekler guşlara syn etmek we olary hasaba almak üçin geçirilýän ornitologiýa saparlaryna gatnaşýardylar, şäher içinde çagalar sar ketegini ýasaýardylar we olary agaçlardan asýardylar.

Ikinji jahan urşy ýyllary we 1948-nji ýylyň ýer titremesi her ýyl geçirilýän çäreleriň arasyna böwşeňlik salypdy.Tizara guşlary goramagy wagyz etmek işlerine täzeden başlanyldy, baýrama isleg bildirýänleriň sany barha artýardy.

Ulular we çagalar şöl gün suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerlerini abadanlaşdyrýardylar, olara ahyrlar ýasaýardylar.Kän wagt geçmänkä çärelere jemgyýetçilik ekologiýa guramalary-da goşuldy, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti olaryň iň baýrysydyr.

Ekologlar bu güni dürli çäreler bilen bellemek däbini dowam edýärler, tematiki bäsleşikler geçirýärler, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň seýrek duşýan görnüşleri barada çykyş edýärler.

Türkmen kenar ýakasynda guşlary halaýanlaryň kluby döredildi, bu ýerde Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň Muzeýine gezelençler, çagalar suratlarynyň bäsleşigi, Türkmenbaşy aýlagynyň kenaryny zir-zibilden arassalamak boýunça çäreler guralýar. Guşlary goramakda Türkmenistanyň Elguşçylar milli jemgyýetiniň ähmiýeti uludyr, onuň agzalary ýyrtyjy guşlary goramagy we elguşly aw milli däplerine aýawly garamagy wagyz edýärler.

Her ýyl maý aýynyň ortasynda ýene bir ekologiýa baýramy—Ötegçi guşlaryň bütindüýä güni bellenilýär, ol Ýewraziýanyň we Afrikanyň suwda-batgada ýaşaýan göçegçi guşlary goramak boýunça Halkara ylalaşygy (AEWA) we Ramsar konwensiýasy bilen goldanylýar. Şol gün biziň ýurdumyzda-da bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Elguşly aw etmegiň däpleri we häzirki döwri
Türkmenistanly okuwçylar halkara surat bäsleşiginiň ýeňijileri boldular
17-nji awgustda höwesjeňleriň aw möwsümi başlanýar
Awçylar we balykçylar jemgyýeti ýakyn geljege iş ugurlaryny kesgitledi
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hormatly Prezidentimiz dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşdy