Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijisi

Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary hem-de saýlap alan hünärleriniň kämil ussady bolmaklary ugrunda döwlet ähmiýetli işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň bedew batly depginini mundan beýläk hem dowam etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň bolup ýetişmekleri möhümdir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw bermek, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň guramagynda iňlis dili dersi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Olimpiada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Binagärlik we dizaýn fakultetiniň Dizaýn kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Leýli Saparowa mugallymy Arzygül Atdaýewanyň ýolbaşçylygynda gatnaşyp, III orna mynasyp bolup, diplom bilen sylaglandy. Ýaş talybymyzyň bu üstünligi ýokary okuw mekdebimiziň abraýyny ýene bir ýola belende galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda “Dizaýn-2022” forumy we “Araçäksiz dizaýn” halkara sergisi açyldy
Ýaş dizaýnerleriñ bilim netijeleri
Serdar Berdimuhamedow Ak şäherim Aşgabat atly XXII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylary gutlady
Aşgabatda ekologik çäre geçirildi
Iordaniýaly gyz azyk galyndylaryndan egin-eşik döredýär
Dizaýn-master studiýasy türkmenistanlylara otagyň içki bezegi boýunça hyzmatlaryny hödürleýär