Halkara maliýe guramalary Türkmenistanda ulag taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar

Halkara maliýe guramalary Türkmenistanda ulag taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar

Halkara banklar Türkmenistanda birnäçe ulag taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow şu ýylyň 3-4-nji maý aralygynda Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy.

Rahymberdi Jepbarowyň aýtmagyna görä, Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) 125 million ABŞ dollary möçberinde, Yslam Ösüş bankynyň (YÖB) 371 million ABŞ dollary möçberinde maliýeleşdirmegi bilen uzynlygy 724 kilometre barabar bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol ugry guruldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy YÖB-niň 42 million ABŞ dollaryna barabar bolan üç sany nebit tankeriniň satyn alynmagyny maliýeleşdirendigini we Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk gullugynyň (JICA) Aşgabatdaky lokomotiw ammaryny döwrebaplaşdyrmak üçin 40 million ABŞ dollary möçberinde ýeňillikli karz berendigini, şeýle hem Hytaýyň Eksport-import bankynyň teplowozlary we ýolagçy awtoulaglary satyn almak üçin 95 million ABŞ dollary möçberinde karyz berendigini belledi.

Mundan başga-da, Rahymberdi Jepbarow häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hasabyna, ýagny 80 million ABŞ dollary möçberinde, şeýle hem Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň 75 million ABŞ dollary möçberinde maliýe goldawyny bermegi bilen Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurulýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň NEXI agentligi Türkmenistandaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady
10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
TEIF — 2024: Türkmenistanyň daşary ýurt karz berijileriniň öňündäki borçnamasy JIÖ-niň 5%-inden geçmeýär
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy ICIEC-iň müdiri bilen duşuşdy
Türkmenisytanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky BAE-niň iň iri banky bilen hyzmatdaşlyk eder
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistan bilen Ýaponiýa göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagyny ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen artistleri TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy mynasybetli dabarad çykyş etdiler we b