Halkara nebitgaz forumy ýapyk Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi nazarlaýar

Halkara nebitgaz forumy ýapyk Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi nazarlaýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 26-njy aprelde “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023” atly halkara maslahat öz işine başlady.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmengeologiýa” döwlet konsernleri tarapyndan guramalaşdyrylan iki günlük forum Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi maksat edinýär.

Türkmen metbugatyna görä, “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň we “Türkmen Forum” ýerli kärhanasynyň ýardamlary bilen geçirilýän maslahata 300 töweregi delegat gatnaşýar.

Forumyň resmi web sahypasynyň çap eden sanawyna görä, gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň we BAE-niň hökümet agzalary, daşary ýurt kompaniýalary, ýerli kärhanalaryň wekilleri, halkara guramalaryň wekiliýetleri, energetika ekspertleri we media serişdeleri bar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 25-nji aprelde maslahata gatnaşyjylara iberen hatynda “Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň, şunuň bilen birlikde, beýleki halklaryň bähbidine gönükdirmäge we sebitde ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge çalyşýar” diýdi. Şeýle-de, ol ýurduň maýa goýum şertleriniň ösdürilýändigini aýtdy.

Prezident öz hatynda Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň daşary ýurtly işewürler üçin uly mümkinçilikleri hödürleýändigini, şeýle-de, türkmen gazyny Ýewropa ugry boýunça eksport etmekde Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň hem geljeginiň uludygyny aýtdy.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” energiýa howpsuzlygy barlag guramasynyň bilermeni Jon Roberts Dubaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar. Ol 26-njy aprelde Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda forumyň özünde galdyran ilkinji täsirlerini paýlaşdy we Türkmenistanyň hödürleýändigini aýdýan maýa goýum mümkinçiliklerine syn berdi.

“Elbetde, Türkmenistan özünde iri energiýa resurslarynyň bardygyny we bu resurslary işläp çykarmak üçin özüne halkara tejribesiniň zerurdygyny görkezmäge çalyşýar” diýip, Roberts aýtdy.

Türkmenistan subut edilen tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Ýöne häzirki wagtda türkmen gazynyň iň esasy sarp edijisi Hytaý bolmagynda galýar. Şol bir wagtda, belli möçberlerde türkmen gazy Eýran, Azerbaýjan we Russiýa ugurlary boýunça hem eksport edilýär.

Türkmenistanyň halkara nebitgaz forumy dünýäniň energiýa bazarlaryndaky deňagramlylygyň üýtgäp, Russiýanyň Ukraina garşy girişen çozuşynyň fonunda, Ýewropa sebitiniň rus gazyna alternatiw hökmünde täze ugurlary seljermäge synanyşýan döwürlerine gabat gelýär.

Türkmen resmileri ýurtda “maliýe-ykdysady we kanunçylyk taýdan oňyn maýa goýum gurşawynyň” döredilendigini aýdýarlar.

Dubaýda geçirilýän halkara maslahatda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy boýunça käbir elin täzelikler yglan edilýär.

Halkara foruma gatnaşýan “Orient” elektron neşiri “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa salgylanyp, Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi arkaly iberiljek 33 milliard kub metr gazyň “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyry arkaly üpjün ediljekdigini aýtdy.

Energiýa eksperti Jon Roberts maslahatda edilen çykyşlara salgylanyp, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynda, häzirki wagtda, ýylda 32,8 milliard kub metr tebigy gazyň öndürilýändigini, bu ýagdaýyň bolsa, Türkmenistanyň tebigy gaz serişdelerini daşary ýurtlara ibermek mümkinçilikleri babatynda oňyn habar bolandygyny aýtdy.

“Bu mukdar gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynda öndürilmeli gazyň möçberidir we iş ýüzünde-de bu mukdar öndürilýär. Bu diýmeklik dünýäniň iň iri guryýer gaz känini özleşdirmek taslamasy indi oňyn netijeleri berip başlady” diýip, Roberts aýtdy.

Uzynlygy 1853 kilometre barabar boljak TAPI gaz geçirijisi “Galkynyş” gaz käninden gözbaş alar.

Türkmenistan halkara forumda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ýataklary Önümi paýlaşmak hakynda şertnama esasynda daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmekçidigini aýdýar.

Türkmen metbugaty ýurtda maýa goýum gurşawyny kämilleşdirmek maksady bilen kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilýändigini aýdar we “Uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” we “Maýa goýum işjeňligi hakynda” kabul edilen Türkmenistanyň kanunlaryny ýurduň maýa goýum gurşawynyň ösdürilmegine mysal görkezýär.

Jon Roberts Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň hödürleýän maýa goýum mümkinçilikleriniň köplenç daşary ýurtly maýadarlaryň isleg bildirýän şertlerine gabat gelmeýändigini gürrüň berdi.

"[Maslahatlaryň dowamynda] Türkmenistanyň maýa goýmak üçin amatly ýer bolandygy barada aýdylýan ýönekeý beýanatlardan daşgary, Türkmenistanda uly möçberli biznesiň nähili ýöredilmelidigi barada düýbünden anyk gürrüň edilmeýär" diýip, Robert halkara forumyň özünde galdyrýan täsirlerini paýlaşdy.

“Däp bolşy ýaly, Türkmenistan maýa çekmekde kösenýär, sebäbi, ol halkara kompaniýalaryň isleg bildirýän hyzmatdaşlygyny we isleg bildirýän strukturasyny hödürlemegi kyn görýär” diýip, britaniýaly bilermen sözüniň üstüni ýetirdi.

Halkara foruma gatnaşýan bilermen maslahatyň dowamynda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň hem gün tertibinde agzalandygyny, ýöne bu barada jikme-jikligiň aýdylmandygyny gürrüň berdi.

“Ýöne, jikmi-jiklik ýok. Bu hem [Türkmenistan bilen bagly] dowamly problemalaryň biri bolup durýar, ýagny olar [türkmenler] bir zady agzaýarlar, ýöne aýratyn jikme-jiklikleri aýtmaýarlar” diýip, britaniýaly bilermen aýtdy.

Çäräniň resmi web sahypasyna görä, maslahata Hytaýyň milli nebit korpoasiýasy (CNPC), “Dragon Oil”, “Petronas”, “ExxonMobil” we “Gazprom” ýaly iri daşary ýurt energetika kompaniýalary we beýlekiler gatnaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Türkmenistan Hazarüsti taslamasyny ilerledýär. Ekspertler Aşgabadyň Russiýadan alada galýandygyny’ aýdýar
“Marvel”-iň täze filminde ýaş aktrisa surata düşer
Russiýa Hytaý ugry boýunça gaz eksportlarynda Türkmenistandan öňe geçdi
Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Yraga gaz iberer
Prezident Berdimuhamedowyň Türkiýä sapary başlandy