Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Roberto Ferrarisden Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat geldi. Onuň mazmuny Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda beýan edilýär. Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Prezident Serdar Berdimuhamedowy türkmen samboçylarynyň gazanan üstünlikleri bilen gutlaýar.

— Halkara sambo federasiýasy (FIAS) Türkmenistanyň sambo boýunça ýygyndy toparynyň şu ýylyň 11 — 13-nji noýabry aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Sambo boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edendigi bilen Sizi gutlaýar. Dünýäniň 50 ýurdundan iň gowy samboçylaryň gatnaşan ýaryşlarynda Türkmenistanyň türgenleri 1 altyn, 1 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular.

Biziň federasiýamyz türkmen samboçylarynyň şeýle üstünliginiň Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasy bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň bilelikde yzygiderli geçiren işleriniň netijesinde mümkin bolandygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, sambo sportuny hemişe goldaýandygyňyz, şeýle hem ýurduňyzyň halkara derejede gazanýan uly sport üstünliklerine goşýan goşandyňyz, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň işine üns berýändigiňiz üçin Size hoşallygymyzy beýan edýäris.

Şeýle üstünlikli hyzmatdaşlygyň geljekde hem täze, ajaýyp netijeleri gazanmagyň bähbidine ösdüriljekdigine umyt edýäris.

Size hem-de Milli olimpiýa komitetine üstünlikleri, täze ýeňişleri hem-de medallary arzuw edýäris — diýip, Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Roberto Ferraris hatynda belleýär.

Ýene degişli makalalar

Ildeşimiz Ýerewanda geçen dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy
Sambo boýunça 2023-nji ýylyň Dünýä çempionaty Müsürde geçer
Türkmenistanly samboçylar Aziýanyň çempionatynyň üçünji gününde 12 medal gazandylar
Türkmenistanly samboçy Nedir Allaberdiýew Daşkentde geçirilýän dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
Sambo we sportuň ýene bäş görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna girip biler
Sambo boýunça 2021-nji ýyldaky dünýä çempionaty Daşkentde geçiriler