Halkara sergide täze uçarlar sargyt edildi

Iki ýyldan bir gezek geçirilýän Dubai Airshow 2025 halkara sergisinde awiakompaniýalar täze uçarlaryň onlarçasyny sargyt etdi. 17-nji noýabrda öz işine başlap, şu gün tamamlanýan sergide Emirates awiakompaniýasy Boeing 777X maksatnamasyndaky birinjilik ornuny berkitdi.

Kompaniýa ýene-de 65 sany Boeing 777-9 uçaryny sargyt etdi. Şeýlelikde, awiakompaniýanyň 777X seriýasyna degişli sargyt eden uçarlarynyň sany 270-e ýetdi.

Air Senegal kompaniýasy hem 9 sany 737 MAX uçaryny sargyt etdi. Kompaniýa Ýewropada we ABŞ-da täze ugurlary açmagy maksat edinýär.

Serginiň çäklerinde dürli görnüşli howa gämileriniň uçuşlary we tanyşdyrylyş dabaralary, awiasiýa pudagynda iş alyp barýan ugurdaş kompaniýalaryň hödürleýän hyzmatlary görkezildi.

Oguljan BÄŞIMOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
DOSTLUK ÝOLY BILEN
Paýtagtymyzyň teatrlarynda täze spektakllar
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanly zenan Bolu şäherinde gümürtik ýagdaýda aradan çykdy