Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň 175-nji mejlisi geçirildi

26-njy noýabrda Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 175-nji mejlisi geçirildi.Mejlisiň işine türkmen wekiliýetiniň düzüminde Ilçi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekili gatnaşdylar. Çäräniň gün tertibine laýyklykda ýetip gelýän halkara sergilerine taýýarlyk işleriniň gidişi barada wekiliýetleriň hasabatlary diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň BIE-niň Baş sekretary D.Kerkentzes bilen gysga wagtlaýyn duşuşygy geçirildi.Söhbetdeşligiň çäginde Türkmenistanyň guramanyň Dolandyryş we býujet komitetine agzalygy bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekilleri biziň ýurdumyzyň BIE bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.D.Kerkentzes hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we BIE sekretariatynyň netijeli bilelikdäki işini dowam etdirmäge taýýardygyny belledi. /* custom css */ .td_uid_15_67485d73dfa88_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67485d73dfa88_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi