Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçiriler

29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 1-nji awgustdan ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyny, muňa garamazdan, birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini nygtady.

Ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak we saglygyny berkitmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, 1-nji awgustda biz Awazada dynç alýanlar üçin nobatdaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer N.Amannepesowa ýüzlenip, halkara ralli ýaryşynda we agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ýeňiji bolan türgenlerimize 3-nji awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bolsa Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda gurlan Arkadagyň nesilleri atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň 5-nji awgustda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşar.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, 8-nji awgustda möhüm Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ugrunda, Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze köpriniň düýbüni tutmak dabarasynyň boljakdygyny belledi. 15-16-njy awgustda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanda Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama kabul ediler
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen ýaşlary Hytaýa we Wengriýa okuwa iberiler