Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda türkmenistanly talyplar altyn medal gazandylar

Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda türkmenistanly talyplar altyn medal gazandylar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) talyplary Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda (ISIF) şowly çykyş etdiler. ISIF-i geçirmegiň baş maksady ýaşlaryň ylym, oýlap tapyşlar we innowasiýalar baradaky bilimlerini giňeltmek we okuwçylaryň ylmy bilimlerini iş ýüzünde ulanmak ukyplaryny ösdürmekdir. ISIF ýaş zehinleriň işjeňligini, döredijiligini we innowasion mümkinçiligini ösdürmek we höweslendirmek üçin bir ýerlikdir.

Türkmenistan: Altyn asyr elektron saýtynda habar berlişine görä, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Kompýuter tehnologiýalary hünäri boýunça 3-nji ýyl talyplary Ahmet Akyýewden we Sapardurdy Berdiýewden ybarat topary Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bölüminiň mugallymy Musa Ýazymowyň ýolbaşçylygynda altyn medallara we Kuboga mynasyp boldular.

Uniwersitetiň topary Gytçylykdan durnukly ösüşe: tehnologiýalaryň suwy tygşytlamakdaky, gurakçylyga we howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki kömegi atly ylmy taslamany hödürledi.

Habarda bellenilişi ýaly, akyl-bilim bäsleşigine 22 ýurtdan dürli bilim derejeli 800 talyp gatnaşyp, degişli toparlarda çykyş etdiler. Talyplar matematika, fizika, energetika, inženerçilik, durmuş ylymlary, tehnologiýa, daşky gurşaw, jemgyýetçilik ylymlary we bilim pudagy ýaly ugurlarda öz taslamalaryny, işläp düzen zatlaryny, oýlap tapyşlaryny görkezdiler.

Talyplar we hünärmen mugallymlar üçin halkara ISIF çäresi Indoneziýanyň Bilim we medeniýet ministrliginiň goldawy bilen her ýyl Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy (IYSA) we Indoneziýanyň Halkara durmuş ylymlary instituty tarapyndan guralýar.

Bäsleşik 2013-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Çärä gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. Olaryň arasynda Malaýziýa, Taýland, Singapur, Hytaý, Hindistan, Tunis, Müsür, BAE, Türkiýe, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Italiýa, Gresiýa, Beýik Britaniýa, Belarus, ABŞ, Kanada, Braziliýa, Argentina we beýlekiler bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly talyplaryň arasynda filosofiýa boýunça geçirilen onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
05.05.2017 • HYYweÖU-niň topary F.F. Martens adyndaky bäsleşige gatnaşanlygy üçin ýörüte diploma mynasyp boldy ...
HYYweÖU-niň we HGI-niň talyplary ýaşlary alyşmak MIRAI-2017 ýapon maksatnamasyna gatnaşdylar