Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryna saparlaryny guramak meýilleşdirilýär

Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryna saparlaryny guramak meýilleşdirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmet standartlary Departamentiniň Direktory hanym Korin Warganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda HZG-nyň agzasy bolmak bilen Türkmenistanyň hemme raýatlar üçin mynasyp iş we sosial adalat şertlerini döretmek syýasatyna ygrarlydygy bellendi.

Ministrligiň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistanyň halkara konwensiýalara we köptaraplaýyn şertnamalara, şol sanda Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara resminamalaryna goşulmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň ähli Esasy konwensiýalara, 4 ýol görkeziji konwensiýanyň 2-sine we 1 tehniki konwensiýa goşulandygy nygtaldy.

W.Hajiýew bu ugurdaky işleriň dowam etdirilýändigini aýtdy. Şeýlelik bilen, 2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistan 1986-njy ýylyň 24-nji iýunyndaky HZG tertipnamasyna üýtgetmeler girizmek baradaky kanuny tassyklady. Häzirki wagtda Hökümet başga bir ýol görkeziji konwensiýa goşulmak meselesini öwrenýär, ýagny bu senagatda we söwdada zähmet barlagy baradaky 81-nji konwensiýa bolup durýar.

Halkara Zähmet Guramasynyň haýyşy bilen HZG-niň ýokary derejeli hünärmenleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryna saparlaryny guramak haýyşy bilen baglanyşykly, türkmen tarapynyň welaýatlara degişli ýerli häkimiýetler bilen tanyşlyk saparlaryny we ýolbaşçylar bilen duşuşyklaryny guramaga taýýardygy tassyklandy.

Ýene degişli makalalar

Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň HZG konwensiýasyna goşulmak karary
Türkmenistan we HZG pagta pudagynda mynasyp iş üpjünçiligini maslahatlaşdylar
HZG: Dünýäde işgärleriň 70 göterimi howanyň hapalanmagyndan ejir çekýär
Türkmenistan we ABŞ özara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar
Türkmenistanda telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugruň açylmagy maslahatlaşyldy