Halypa çapyksuwar awtoulag bilen sylaglandy

Mary welaýat merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi.

Jemleýji – 8-nji çapyşyga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Olar bu ýaryşa haýsy at bilen gatnaşjakdyklaryny kesgitlemek üçin bije atyşdylar. Halypa çapyksuwarlar nesibesinden çykan bedewe atlanyp, ýaryşa goşuldylar. Şunda Mary döwlet athanasynyň Kadaly diýen aty bellenen 1000 metr aralygy 1 minut 11,1 sekuntda geçmegi başaryp, pellehana ilkinji bolup geldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi S.Kuljanow mynasyp boldy.

Baş baýragyň eýesi mynasyp bolan sylagyna buýsanýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da belende galmagyna goşant goşmakda, olary mundan beýläk-de giňden wagyz etmekde ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

The post Halypa çapyksuwar awtoulag bilen sylaglandy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Amanmuhammet Hydyrowyň döredijilik sergisi
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Arkadag hem Pyragy — köňülleriň çyragy
Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy
Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Ýazyjy Kömek Kulyýew aradan çykdy