Halypa gyjakçy Hanmämmet Allanur ogly

Halypa gyjakçy Hanmämmet Allanur ogly

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde Miras teleýaýlymy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýomut-gökleň bagşyçylyk ýolundaky ähmiýeti we halypa gyjakçy Hanmmämet Allanur oglunyň ýekelikde ýerine ýetirijilik mekdebi barada gepleşik ýazgy edildi.

Gepleşikde mugallym Sapar Saparow Hanmämmet gyjakçynyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary barada we dowam edip gelýän halypa şägirtlik ýoly barada gürrüň berdi.Söhbetdeşligiň dowamynda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Spartak Atakow ussat halypanyň ýetişdiren şägirtleri barada, gyjakda ýekelikde ýerine ýetirijilik mekdebiniň arkama arka dowam edip gelýändigi barada söhbet edip, halypanyň çalan sazlaryndan Torgaý guşlar, Gelemen diýen sazlary ýerine ýetirip berdi.

Gepleşige ussat gyjakçy Hanmämmet Allanur oglynyň agtyklary hem gatnaşyp halypanyň ömri döredijiligi barada, ýerine ýetirijilik aýratynlyklary, şägirtleri şol döwürde ýaşap geçen egindeş sazandalar barada gyzykly gürrüňler berdiler.

Gepleşigiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag bolmagy dileg edildi. Türkmen halkynyň bagtly-bagtyýar ýaşamagy üçin alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Merw Türkmenistanyň çempionatynda bir basgançak ýokary galdy
Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
ÄLEM NURY SAHNADA
Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy