Halypanyň nusgalyk ýol ýörelgesi

Halypanyň nusgalyk ýol ýörelgesi

Türkmen milli aýdym-saz sungatymyz gadymyýetden gözbaş alyp, biziň günlerimize ýetip gelmeginde egsilmez goşant goşan ussat halypalaryň ömri we döredijiligi, olaryň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary hakynda içgin öwrenmeklik biz medeniýet we sungat işgärleriniň jana-jan borjudyr.

Biziň ýurdumyzda ylyma, bilime, aýratyn hormat goýulýar. Ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyz hasaplanýan aýdym-saz sungatymyz nesilden-nesle, dilden-dile, halypadan-şägirde geçip, halypa şägirtlik okadylyş usulynda şu günümize gelen sungatdyr. Biz ötüp geçen meşhur halypa-bagşy sazandalarymyzyň däbine eýerip gadymyýetden gelýän halypa-şägirtlik okadylyş usulynyň üsti bilen ýörite halypalar mekdebiniň ýol ýörelgesini öwrenýäris.

Şirin mukamlaryň şu güne çenli halkyň arasynda ýaşap gelmeginde halypalaryň orny örän uludyr. Goşa tara dil bitiren ussat halypalaryň ýürek duýgusyndan dörän eserler halkyň hakydasynda bakydyr. Şol eserler bolsa, bu günki gün ussat halypalaryň goldawy bilen ýaşlarymyza geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bu günki gün, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde halypamyz Türkmenistanyň halk artisti professor Ýolaman Nurymow bilen ýaşlaryň arasynda watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, watan mukaddesligini we gymmatlygyny düşündirmek maksady bilen Watan goragy mukaddesdir ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşyga talyp ýaşlarymyz gatnaşyp has-da gyzgalaňly geçdi.Talyp ýaşlar halypanyň geçen durmuş ýoly we sungatda bitiren aýratyn işleri barada ýakyndan gyzyklanyp sorag-jogap alyşdylar.Bu döredijilik duşuşygy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, akyldar şahyryň sözlerine döreden eserleri barada talyp ýaşlaryň arasynda içgin gyzyklanmalar bolup, halypa şolar dogrusynda sorag berdiler.Halypa hem her bir berilýän soraglara ýerlikli gyzykly jogaplar bilen düşündirdi.

Bu bolsa talyp ýaşlaryň aňynda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti professor Ýolaman Nurymow öz şägirtleri bilen birnäçe sazlary Jepbar Hansähedowyň Unutman, türkmen halk sazlary Bike halan, Ol daglaryň, Ussadym ýaly sazlar bilen döredijilik duşuşygyň şowhunyna şowhun goşdular. Ýokary ruhubelentlik bilen geçirilen döredijilik duşuşyk talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, döwlet, umumyadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Beýik Pyragy we Nury Halmämmet atly aýdym-sazly dabara
Sungatym-milli baýlygym
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti
Hally bagşynyň doglan gününiň 165-ýyllygy
Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň hepdeligi
Türkmen milli konserwatoriýasynda döredijilik hepdeligi geçirildi