Hamilton ýurdunda ýeňiş gazandy

Formula 1 boýunça möwsümiň 10-njy ýaryşy Beýik Britaniýada geçirildi.Silwerstoun şäherçesiniň adybir trassasynda geçirilen 52 aýlawlyk bäsleşige ýer eýesi Lewis Hamilton 1-nji hatardan başlady.

Ol ýaryşy başlaýşy ýaly tamamlap, 1 sagat 21 minut 27,430 sekuntda pellehanadan geçdi.Silwerstounda bassyr 4-nji, umumylykda 5-nji ýeňşini gazanan Hamilton şu ýyl 4-nji sapar ýeňiji boldy.

Soňky aýlawlarda “Ferrari” toparynyň sürüjileriniň tekerleriniň ýarylmagyndan ýerlikli peýdalanan Waltteri Bottas 2-nji ýeri eýeledi.Finlýandiýaly sürüji topardaşy Hamiltondan 14,063 sekunt yza galdy.Başga bir fin piloty, “ferrarili” Kimi Raikkonen ýeňiji Hamiltondan 36,570 sekunt soň pellehanadan geçdi we 3-nji orna mynasyp boldy. “Red Bull” toparynyň sürüjileri gollandiýaly Maks Werstappen bilen awstraliýaly Daniel Rikkiardo 45-nji ýerleri paýlaşdylar. 6-njy orny-da “Renodan” germaniýaly Niko Hulkenberg eýeledi.

Soňky aýlawlara çenli 3-nji hatarda barýan, ýöne tekeriniň ýarylmagyndan soň, mejbury pit-stop edip, az-owlak wagt ýitiren Sebastian Wettel 7-njilik bilen kanagatlanmaly boldy. 89-nji ýerleri “Fors Indiadan” fransiýaly Esteban Okon bilen meksikaly Serhio Peres eýeledi. “Williamsyň” braziliýaly piloty Felipe Massa Silwerstoundan utuk alan soňky pilot boldy (10-njy orun).

Bu ýaryşdan soň, Lewis Hamilton öňdebaryjy Sebastian Wettel bilen utuk aratapawudyny 1-e düşürdi.Wetteliň 177, Hamiltonyň-da 176 utugy bar. Çempionlyk ýaryşyndan daşlaşmak islemeýän Waltteri Bottas welin, 10 ýaryşda 154 utuk toplady.

Möwsümiň indiki bäsleşigi 30-njy iýulda Wengriýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

99-njy ýeňşi
Britaniýa “Gran Prisiniň” ýeňijisi Maks Werstappen
“Mançester Ýunaýted” hem-de “Arsenal” üçin ýaryş tamamlandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Altyn palma” dalaşgär filmler:
24.04.2018 | Türkmen-özbek işewürler maslahaty