Hapa Howa Koronawirusa Ýolukma Howpuny Ýokarlandyrýar

Hapa Howa Koronawirusa Ýolukma Howpuny Ýokarlandyrýar

Belgiýanyň Ýokary saglyk geňeşiniň çap eden habarnamasyna görä daşky gurşaw boýunça geçirilen barlaglar howanyň hapalanmagynyň wirusyň ýokaşma mukdary bilen arabaglanşyklydygyny görkezýär.

Netijeler howadaky tozanjyklardaky 1 mikrogramlyk artyşyň hem hassahanada bejergi alýan Kowid-19 kesellilerinde dem alyş enjamyna bagly galma möhledini artdyrýandygyny we ölüm mukdaryny 8-11 göterim artdyryp bilýändigini görkezýär.

Habarnamada ýylylygyň, çyglylygyň we wirusyň ýukuşmagynyň arasyndaky baglanşyk anyk kesgitlenmedik hem bolsa, wirusa ýylylygyň we çyglylygyň täsir ýetirýändigi, tomus aýlarynda ýokuşma howpunyň artýandygyny görkezýändigi tassyklandy.

Howa şertleri boýunça maksatnamalaryň diňe bir global ýylylyk sebäpli däl, eýsem bar bolan saglyk meselelerine garşy göreş taýdan hem möhüm bolup durýandygyna üns çekilýän habarnamada, daşky gurşaw we saglyk bilen bagly görkezijileriň barlaglara hem-de öňünden habar beriş ulgamlaryna konstruktiw taýdan utgaşdyrylmagynyň gelejekdäki ýokanç howplaryň öňüniň alynmagy üçin peýdaly boljakdygy nygtalýar.

Ýewropanyň Daşky Gurşaw Gullugy ÝB-de analiz edilen 323 şäheriň ýarysyndan gowragynyň howasynyň hiliniň pesdigini anyklapdy.

Ýene degişli makalalar

Myrat Duşemowyň türme möhleti doldy, emma ol öýüne dolanmady
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Ministr Koja: "Koronawirusyň täze görnüşi Türkiyede hasaba alynmady" diýdi
Koronawirusa Ýolugan Ispaniýanyň Premýer-ministri G-20 Sammite Gatnaşyp Bilmez
Aşgabadyň mekdepleri sabyn we dezinfeksiýa serişdeleri üçin pul ýygnamagyny dowam etdirýär
Diňle: Aşgabadyň mekdepleri sabyn we dezinfeksiýa serişdeleri üçin pul ýygnamagyny dowam etdirýär
BSGG koronawirus keseliniň agyr geçmegi bilen bagly üýtgeşmeleri tapmady