Harbin buz festiwaly

Her ýylyň 5-nji ýanwarynda öz işine başlaýan Harbin buz festiwaly mart aýyna çenli dowam edýär.Harbin dünýädäki iň uly buz festiwaly hasaplanýar.Ilkibaşda ýerli halkyň arasynda geçirilip başlanan hem bolsa, häzirki wagtda bu festiwal dünýäniň dürli künjeginden gelýän syýahatçylaryň uly gyzyklanma bildirmegi bilen halkara derejesinde geçirilýär.

Festiwal Hytaýyň Buz şäheri hökmünde tanalýan, Sibire ýakyn sebiti bolan Harbin şäherinde ýaýbaňlandyrylýar.Dekabr aýynyň başyna Songhua derýasynyň doňmagy bilen Harbin şäherine 200 müň kubmetrden gowrak buz gatlagy getirilýär.

Bu ýerde müňlerçe heýkeltaraşlaryň zähmeti netijesinde 3-4 hepdäniň içinde Buz şäheri peýda bolýar. Şäheriň arktiki howasy festiwala hödürlenilýän heýkelleriň uzak wagtlap eremän saklanmagyny üpjün edýär.

Harbin buz festiwalynyň çäginde esasan, körpe syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän buz disneýlendi, Gün adasy, Zhaolin seýilgähi ýaly meýdançalar bar.Mundan başga-da, bu ýerde Elzanyň buz köşgüni, buz basgançaklaryny, buz diwarlary, gar şalygyny synlamak bolýar. Çagalar Elzanyň buz köşgüne girip, özlerini edil ertekilerdäki ýaly duýup bilýärler. 300 metrlik buz slaýdy, konkili, lyžaly typmak, buz tigirini sürmek hem syýahatçylar üçin özboluşly başdangeçirmeler bolup durýar.

Gün adasynda geçirilýän çäreler buz festiwalynyň esasy wakalarynyň biri bolup, bu ýerde birnäçe kilometre uzaýan gara çekilen suratlar görkezilýär.Zhaolin seýilgähinde çagalary buz çyralary, jadyly şekiller bilen bir hatarda özleriniň eý görýän 300-den gowrak haýwanlarynyň heýkelleri garşy alýar.

Bu seýilgäh çagalar üçin iň gyzykly meýdançalaryň biri bolup, maşgalalaryň arasynda geçirilýän buz oýmak boýunça ýaryşlary hem synlap bilýärler.Festiwalyň dowamynda buz tanslaryny, palçy komediýasyny, buz akrobatikasyny, gyşky sport çykyşlaryny öz içine alýan Harbin Show geçirilýär.

Buz şäherini gije synlanyňda has-da owadan görünýär.

Festiwal öz gözbaşyny 1963-nji ýylyň gyşynda geçirilen buz çyrasy sergisinden alyp gaýdýar. Ilkinji Harbin buz festiwaly 1985-nji ýylda Zhaolin seýilgähinde uly dabara bilen geçirilýär we her ýyl geçirilmeli çäre hökmünde yglan edilýär. 2001-nji ýylda Halkara lyža festiwaly bilen bilelikde Harbin buz festiwaly hem bellenilýär we bu festiwala halkara derejesi berilýär.

Ýene degişli makalalar

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Buzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylayna Arkadagdan jaý hödürlenýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň täze başlygy saýlanyldy, Russiýa Türkmenistanda öz ilçisini çalyşdy, Gazagystan we Türkmenistan döwlet serhedinden geçmegiň tertibi barada ylalaşdylar we beýleki habarlar
Ak Barsyň hüjümçisi Danis Zaripow Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysynyň türgenleşiklerine gatnaşýar
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Türkmen kompaniýalary “Gulfood 2023” halkara sergisine gatnaşdylar