Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýanwar aýyndaky işleriniň jemlerine seredildi

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýanwar aýyndaky işleriniň jemlerine seredildi

9-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda goranmak ministri B.Gündogdyýew, Baş prokuror B.Atdaýew, içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew, adalat ministri M.Taganow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow öz gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda harby özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň geljekki meýilnamalaryna ünsi çekdi. Hususan-da, türkmen Lideri Ýaragly Güýçleriň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu düzümleriň şahsy düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan wezipeleriň biridigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2 aýda bitiren işleriniň jemine seretdi
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi