Hatibzadeh: Abu Akelanyň jaýlanyşyna edilen hüjüm Sionist režiminiň hakyky keşbini görkezdi

Hatibzadeh: Abu Akelanyň jaýlanyşyna edilen hüjüm Sionist režiminiň hakyky keşbini görkezdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Abu Akelanyň jaýlanyşyna sionist goşunyň hüjümine ünsi çekip, bu hüjümiň Sionist režiminiň hakyky keşbini görkezendigini aýtdy.

"Said Hatibzadeh" duşenbe güni hepdelik metbugat ýygnagynda EýranPress habarçysynyň beren soragyna jogap edip, basyp alnan Kuds-da Al-Jazeera ulgamynyň habarçysy "Şirin Abu Akelanyň" janyna kast edilmeginiň terrorçylykly bir maksatdygyny we adam hukuklarynyň bozulmagynyň mysalydygyny aýtdy.

Eýranyň diplomatik gullugynyň metbugat sekretary Sionist goşunyň Abu Akelanyň jaýlanyş kerwenine eden hüjümine-de yşarat edip Sionist režim bu žurnalistiň jaýlanyşynda-da zorlugyny bes etmedi diýdi.

Hatibzadeh şeýle-de, Ysraýyl režiminden gorkup ýa-da ondan bähbitlenmek üçin oň bilen dost bolanlar, Sionist režiminiň kanunylygynyň ýok bolup barýandygyny bilmelidigini aýtdy.

Sionist režiminiň goşunlary geçen çarşenbe güni Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Jenin düşelgesine hüjüm edip, Al Jazeera habarçysy Şirin Abu Akelany şehit etdiler.

Sionist režiminiň güýçleri anna güni Al-Jazeera-nyň palestinaly žurnalisti Şirin Abu Akelanyň jaýlanyşyna hüjüm edip, onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp boldylar.

Ýene degişli makalalar

Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar
Owganystanda "beýt Al-Mukaddsesiň" nyşanynyň açylyşy
BMG-nyň hünärmenleri: "Abu Akelanyň" terror edilmegi uruş jenaýaty