Hatibzadeh: Owganystandaky dartgynlylygyň çözgüdi syýasydyr

Hatibzadeh: Owganystandaky dartgynlylygyň çözgüdi syýasydyr

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Owganystandaky konfliktleriň we krizisleriň gutarnykly çözgüdi syýasydyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh şu gün metbugat ýygnagynda Owganystanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Hamdullah Mohebyň geçen hepde Tähranda Eýranyň daşary işler ministri bilen geçirilen duşuşygyna yşarat etmek bilen Owganystandaky konfliktleriň we krizisleriň gutarnykly çözgüdi syýasydyr diýmek bilen , ABŞ-nyň bu ýurtdaky durnuksyz dörediji ýagdaýyny göz öňünde tutup, Eýran ähli owgan toparlaryny öz içine alyjy gepleşiklere gatnaşmaga çagyrýar diýdi.

Hatibzadeh geçen hepde ýadro ylalaşykda galan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň ýygnagy barada-da hem şeýle diýdi:duşuşykda Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif beýleki tarapyň borçnamalaryna ünsi çekdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary düýn Yragyň wekiliýetiniň Tährana eden sapary barada hem gürrüň gozgap Yragyň premýer-ministriniň geňeşçisi Eýran Yslam Respublikasynyň çakylygy boýunça Tährana geldi we sebitdäki soňky wakalar barada maslahatlaşyldy diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Yragyň öňki premýer-ministri Adel Abdul Mahdiniň soňky döwürde general Gassem Soleýmanyň Yraga eden sapary we onuň terror edilmegi baradaky aýdan sözleri bilen baglanyşykly Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary:Sardar Soleimani sebitde parahatçylygy söýýän general bolup, sebitdäki terrorçylygyň we zorlukly wahabizmiň ýeňilmegine sebäp bolan şahsyýetdir diýip beýan etdi.

Eýranyň diplomatik gullugynyň metbugat sekretary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Sardar Soleýmany terror etmek bilen uly strategiki ýalňyşlyk goýberendigini aýtmak bilen ABŞ-nyň hökümetinde bu uly jenaýaty edenler hökman jogapkärçilige çekilerler diýdi.

Ýene degişli makalalar

Malaý edebiýaty
Tywa Türkçesi
Ançous Eksportundan 10,1 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Möwlana bagyşlanan ýörite gepleşik
Geçen Ýyl 2 Million Dollardan Gowrak Bal Eksport Edildi
2 Aýda 3,2 Million Dollarlyk Çaý Eksport Edildi
Ançous Eksportundan 2 Aýda 1,5 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy