Haýwanlary goraýjylaryň arzasyna berlen jogapda itleri we pişikleri tutmak boýunça görkezmäniň bardygy aýdylýar

Haýwanlary goraýjylaryň arzasyna berlen jogapda itleri we pişikleri tutmak boýunça görkezmäniň bardygy aýdylýar

Aşgabatda haýwanlary goraýjylaryň köçelerdäki itleriň we pişikleriň gynalyp tutulmagyna we öldürilmegine nägilelik bildirip, prezident Serdar Berdimuhamedowa ýazan arzasyna şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligi jogap berdi.

3-nji awgustda ýazylan arza 26-njy awgustda berlen resmi jogapda itleriň we pişikleriň tutulmagy boýunça görkezmäniň bardygy aýdylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 16-njy noýabrda maglumat berdiler.

“Jemagat hojalygy müdirligi ýazan arzaňyza seredip, Aşgabat şäher arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň garamagyndaky etrap Arassaçylyk müdirlikleriniň işgärleri tarapyndan ykmanda, eýesiz it-pişikleri jebir çekdirmän, talabalaýyk tutulmagy barada yzygiderli zerur işleriň geçirilmegi boýunça görkezme berlendigini size habar berýär” diýlip, arza berlen jogapda bellenilýär.

Azatlykda resmi hatyň nusgasy bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony çap etmekden saklanýar.

Şeýle-de, onda bu çäreleriň Aşgabadyň arassaçylygyny, abadançylygyny, sanitariýa-epidemiologiýa taýdan hem-de haýwanlardan geçýän ýokanç keselleriň öňüni almak maksadyndan ugur alýandygy aýdylýar.

Müdirlik bu çäreleriň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň 2020-nji ýylyň 15-nji aprelindäki DŞ/02 belgili Buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanda itleriň we pişikleriň saklanmagy hem-de eýesiz, ykmanda itleriň we pişikleriň ýaýramagynyň öňüni almagyň Düzgünleriniň” talaplaryna esaslanýandygyny hem belleýär.

Haýwanlary goraýjylaryň birnäçesi müdirligiň işgärleriniň agzalýan buýrugyň we düzgünleriň resmi nusgasyny görkezmekden ýüz öwürendigini aýdýarlar.

Olar arza berlen jogap bilen bagly-da birnäçe düşnüksiz ýagdaýlaryň bardygyny belleýärler.

“Haýwanlary goraýjylar arzalaryny 3-nji awgustda ýazan bolsalar-da, onda 9-njy awgustda ýazan arzaňyza jogap diýilýär. Arza hiç bir resminiň goly hem goýulmandyr. Haýwanlary goraýjylaryň bu babatdaky soraglaryna hiç kim jogap, düşündiriş bermedi” diýip, haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistleriň biri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, müdirligiň işgärleri, görnüşinden, itler barada kabul edilen kanuny hem äsgermeýärler.

"Jemagat işgärleri bolsa, gödeklik bilen, 'öldürdik we öldürmegimizi dowam ederis' diýýärler" diýip, aktiwist belledi.

Azatlyk hat we ýokarda aýdylanlar barada Jemagat hojalygy müdirliginden kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 16-njy noýabrda telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Azatlyk aktiwistleriň prezidentiň adyna ýollan bu arzasy barada oktýabryň başynda hem habar beripdi. Şonda köpçülikleýin hatlarynda raýatlar haýwanlary tutýan gulluklaryň aýry-aýry işgärleriniň adyny tutmak bilen zalymlyk hadysalary barada habar berdiler.

Türkmenistanda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagy, raýatlaryň we çagalaryň gözüniň öňünde urlup, gynalmagy we ýok edilmegi indi alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Häkimiýetler bu çärelerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Azatlygyň habarçylary we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler bu barada yzygiderli habar berýärler.

Ýurduň häkimiýetleri haýwanlara garşy rehimsizlik wakalary barada resmi düşündiriş bermeýärler. Şeýle-de, raýatlaryň köpçülikleýin ýüzlenmeleri hem köplenç jogapsyz galýar.

Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler ýurtda alabaý itleriniň kultyny güýçlendirýärler. Soňky ýyllarda ýurtda "Hormatly itşynas" we "At gazanan itşynas" atlary, şeýle-de "Ýylyň edermen alabaýy" medaly döredildi we türkmen alabaý itleriniň baýramy esaslandyryldy.

Geçen ýylyň iýulynda ýurtda itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanun hem kabul edildi. Aktiwistler ýurtda idegsiz haýwanlary ýok etmek çäreleriniň dowam edýän wagtynda kabul edilen bu kanuny "gözboýagçylyk" atlandyrdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aktiwistler harasadyň dördünji ýyl dönüminde protest çäresini geçirip, ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Begmedowa: Biz demokratik üýtgeşmelere ymtylýan ýaş nesillerimize goldaw bermeli
Türkmenabadyň häkimiýetleri itler üçin kapasalary ýok etdi, ýaşaýjylar bilen duşuşmagy wada berdi
ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti Azatlygyň idegsiz itlere degişli sowallaryna jogap berdi
ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti baryp görmek üçin "göreldeli" penahana saýlady
Stambul: Türkmenistanyň konsullygynda ýenjilen türkmen we türk aktiwistleri prokuratura ýüzlendiler